Awtosport ýaryşlarynyň köp tomaşaçyly bäsleşiklerinden bolan NASCAR-da çempion möwsümiň soňky tapgyrynda, Maýamide geçirilen ýaryşda belli boldy. Aýgytlaýjy ýaryşda “Penske” toparynyň sürüjisi Jou Logano “Ford” awtomobili bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Bu onuň karýerasyndaky 1-nji çempionlygydyr. 28 ýaşly Logano soňky tapgyrda çempionlyk ugrunda ozalky çempionlardan Martin Trueks (kiçisi), Kaýl Buş hem-de Kewin Harwik dagy bilen ýiti göreş alyp bardy. Şu möwsümde 3 ýaryşda 1-nji ýeri eýelän Jou Logano utuk sanyny 5040-a ýetirip, Martin Trueksden (5035), Kewin Harwikden (5034) hem-de Kaýl Buşdan (5033) öňe saýlandy. Bu ýyl 70-njisi geçirilen NASCAR ýaryşlarynda her möwsümde 36 bäsleşik guralýar.