Fut­bol­da­ky iň uly ýe­ňiş, iň uly baý­rak, şüb­he­siz, Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ku­bo­gy­dyr. Is­len­dik fut­bol­çy­nyň baş ar­zu­wy Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şyp, ar­zy­ly ku­bo­gy as­ma­na gö­ter­mek­dir. Ýö­ne bu naý­ba­şy ku­bok hem­mä ýet­dir­me­ýär. Şu wag­ta çen­li ge­çi­ri­len 21 Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on bo­lan to­par­la­ryň sa­ny 10-a hem ýe­te­nok. Fut­bol­çy­lar üçin ar­zy­ly ku­bok­la­ryň ýe­ne bi­ri-de UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­dyr. Bu ýa­ryş­da ýüz­ler­çe fut­bol­çy ýe­ňiş ga­za­nan hem bol­sa, bu ar­zy­ly sep­gi­de ýe­tip bil­me­dik ýyl­dyz­la­ryň sa­ny az däl. Fut­bol­çy­la­ryň ýe­ne bir mak­sa­dy kö­pü­si­ne ýet­dir­me­se-de, ýy­lyň iň ök­de oýun­çy­sy­na be­ril­ýän “Al­tyn top” (“Bal­lon d’Or”) baý­ra­gy­ny ga­zan­mak­dyr. Bu öz­bo­luş­ly sy­la­gy soň­ky ýyl­lar­da di­ňe 2 oýun­çy ge­zek­le­şip al­sa-da, ir­ki ýyl­lar­da ony dür­li-dür­li fut­bol­çy­lar eýe­le­me­gi ba­şa­ryp­dy. Mah­la­sy, fut­bol­da mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da­ky iň uly ýe­ňiş Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň çem­pi­on­ly­gy­dyr. Klub ýa­ryş­la­ryn­da-da UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy, ýe­ke­lik­de ýa-da şah­sy ga­za­nyl­ýan sy­lag­lar­yň iň naý­ba­şy­sy-da “Al­tyn top” baý­ra­gy­dyr.
Fut­bol­da­ky ady ag­za­lan bu iň easy 3 baý­ra­gy eýe­län oýun­çy­la­ryň sa­ny ba­ry-ýo­gy 8-e deň­dir. Iki­si­ni alyp, bi­ri­ni al­ma­dyk­la­ryň ýa-da di­ňe bi­ri­ni alan­la­ryň sa­ny bol­sa az däl. My­sal üçin, fut­bo­lyň şa­sy ha­sap­lan­ýan bra­zi­li­ýa­ly Pe­le­dir ar­gen­ti­na­ly Ma­ra­do­na Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ku­bo­gy eýe­le­mek ba­şart­sa-da-da, (Pe­le­ 3, Ma­ra­do­naa 1) beý­le­ki 2-si­ni ola­ra dür­li se­bäp­ler­e gö­rä al­mak ne­sip et­me­ýär. Hä­zir­ki za­man fut­bo­ly­nyň 2 ägir­di Lio­nel Mes­si bi­len Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň ýag­da­ýy bol­sa baş­ga­ça­rak. Ola­ryň iki­sin­de-de “Al­tyn top­dan” 5 sa­ny­sy bo­lup, Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny-da Ro­nal­do 5, Mes­si 4 ge­zek ýo­ka­ry gö­ter­di. De­pe­ni gol bol­ýan bu iki su­per ýyl­dy­zyň iň uly “ýet­mez­çi­li­gi” hem Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň çem­pi­on­ly­gy­dyr.
Şeý­le-de bra­zi­li­ýa­ly su­per ýyl­dyz, “El Fe­no­me­no” la­kam­ly Lu­iz Ro­nal­do­ny-da bu sa­na­wa go­şup bo­lar. “Bal­lon d’Or”-y 2 ge­zek alan hü­jüm­çi şon­ça sa­par hem Dün­ýä­niň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­ýar. Ýö­ne onuň ady Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny ga­za­nan­la­ryň ha­ta­ryn­da ýok. Alf­re­do Di Ste­fa­no, Eý­se­bio, Ke­win Ki­gan, Jorj Best, Mi­şel Pla­ti­ni, Ýo­han Kroýff, Mar­ko Wan Bas­ten, And­reý Şew­çen­ko ýa­ly öz dö­wür­le­ri bi­len bir ha­tar­da, äh­li za­ma­na­la­ryň su­per ýyl­dyz­la­ryn­da “Al­tyn top” hem-de Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bok­la­ry (kä­bir­le­rin­de 2, 3 sa­ny­dan) bar hem bol­sa, ola­ra Dün­ýä Ku­bo­gyn­da ýe­ňiş ga­zan­mak bag­ty mi­ýes­ser et­me­di. Haý­sy hem bol­sa 1-ini ýa-da 2-si­ni alan­lar­dan Lot­tar Mat­teu­sy, Ro­ber­to Baj­jo, Jan­lui­ji Buf­fon, Ti­er­ri An­ri, Ça­wi, Inies­ta, Hris­to Stoiç­kow, hat­da hä­zir­lik­çe hiç bi­ri­ne ady­ny ýaz­dy­ryp bil­me­dik­ler­den Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wi­çi-de umu­my­lyk­da bu sa­na­wa goş­mak bo­lar.
Esa­sy gür­rü­ňi­mi­ze do­lan­sak, Dün­ýä Ku­bo­gy­ny, Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny hem-de “Al­tyn to­py” di­ňe 8 fut­bol­çy­nyň alan­dy­gy­ny bel­läp­dik. Eý­sem olar kim­ler?

1. BOB­BI ÇARL­TON. Fut­bo­lyň wa­ta­ny Ang­li­ýa­nyň meş­hur ýyl­dyz­la­ryn­dan 81 ýa­şyn­da­ky Bob­bi Çarl­ton 1966-njy ýyl­da mil­li to­pa­ry Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­za­nan­da, ol ýy­gyn­dy­nyň iň esa­sy ýyl­dy­zy­dy. Ol şol ýyl 1956-njy ýyl­dan bä­ri “France Fo­ot­ball” žur­na­ly ta­ra­pyn­dan ber­lip ge­lin­ýän “Bal­lon d’Or” baý­ra­gy­ny-da ga­zan­ýar. 1967/68 möw­sü­min­de-de “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” bi­len UEFA-nyň şol wagt­ky ady Ýew­ro­pa ku­bo­gy­ny, hä­zir­ki Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si hem bol­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Bob­bi Çarl­ton 1958-nji ýyl­da to­pa­ry bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Mün­hen şä­he­ri­ne bar­ýar­ka he­läk­çi­li­ge uç­ran uçar­da di­ri ga­lan oýun­çy­la­ryň bi­ri­dir. Oňa şeý­le bet­bagt­çy­lyk­dan soň, bir­nä­çe ýe­ňiş­le­riň mi­ýes­ser et­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.
2. FRANS BEK­KEN­BA­EUR. Ne­mes fut­bo­ly­nyň Im­pe­ra­tor (Der Kai­ser) la­kam­ly su­per go­rag­çy­sy, ka­pi­ta­ny Frans Bek­ken­bauer hem ýo­kar­da ady ag­za­lan baý­rak­la­ryň üçü­si­niň-de eýe­si­dir. Ol hem oýun­çy­lyk­da, he­mem tä­lim­çi­lik­de Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­za­nan 3 şah­sy­ýe­tiň bi­ri­dir. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len 73 ýaş­ly Bek­ken­bauer 1974-nji ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy­ny alan Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň ka­pi­ta­ny­dy. “Bal­lon d’Or”-y 2 ge­zek (1972, 1976) alan Bek­ken­bauer “Ba­wa­ri­ýa” bi­le­nem 1974–75–76-njy ýyl­lar­da yk­ly­myň iň uly klub ýa­ry­şy­nyň ku­bo­gy­ny-da ga­zan­dy.
3. GERD MÜL­LER. Gol ge­çir­me­giň us­sa­dy, mil­li ýy­gyn­dy­da oý­nan oý­nun­dan köp gol ge­çi­ren ger­ma­ni­ýa­ly Gerd Mül­ler sa­naw­da­ky 3-nji fut­bol­çy­dyr. Ýo­kar­da ady ag­za­lan baý­rak­lar­dan il­kin­ji bo­lup, “Al­tyn to­py” ga­za­nan (1970) Gerd Mül­ler “Ba­wa­ri­ýa” bi­len 3 Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny­yň ku­bo­gy­ny eýe­le­di. Go­laý­da 73 ýa­şy ar­ka atan Mül­ler 1974-nji ýyl­da­ky Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa­nyň Dün­ýä çem­pi­on­ly­gy­na-da uly go­şant go­şup­dy.
4. PAO­LO ROS­SI. 1982-nji ýyl­da Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň iň ne­ti­je­li hü­jüm­çi­si bo­lan ita­li­ýa­ly Pao­lo Ros­si şol ýyl “Al­tyn top” baý­ra­gy bi­le­nem sy­lag­lan­ýar. 2 ýyldan soň bol­sa, “Ýu­wen­tus” bi­len UEFA-nyň klub bäs­le­şik­le­rin­dä­ki 1-nji de­re­je­li ku­bo­gy­ny ga­zan­ýar. Ros­si­niň ýe­ne bir aý­ra­tyn­ly­gy-da, 1 Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da bir fut­bol­çy­nyň alyp bil­jek 3 sy­la­gy­ny-da alan 3 fut­bol­çy­nyň bi­ri bol­ma­gy­dyr. Ýag­ny, ol bra­zi­li­ýa­ly Gar­rin­ça (1962), ar­gen­ti­na­ly Ma­rio Kem­peş (1978) bi­len bir ha­tar­da, Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­za­nyp, şol wagt­da-da, çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy hem-de iň go­wy fut­bol­çy­sy saý­lan­ýar.
5. ZI­NE­DIN ZI­DAN. 1998-nji ýyl­da en­çe­me wagt­dan soň, tä­ze Dün­ýä çem­pio­ny peý­da bol­ýar. Ýag­ny Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan­da, to­pa­ryň esa­sy oýun­çy­sy Zi­ne­din Zi­da­nyň ta­gal­la­sy uly bo­lup­dy. Gy­zyl kart se­bäp­li 2 oý­ny oý­nap bil­me­dik hem bol­sa, Zi­dan şol ýyl to­pa­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­na uly go­şant goş­dy. Şol ýyl “Al­tyn top” baý­ra­gy­ny-da alan Zi­dan Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­na ýe­ne-de 3 ýyl ga­raş­ýar. 2001/02 möw­sü­min­de “Re­al Mad­rid” Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny Zi­da­nyň çen­de­na­şa owa­dan go­ly bi­len ga­za­nan­dy­gy­ny hem bel­lä­liň. Oýun­çy­ka alan Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny ol tä­lim­çi­lik­de 3 es­se edip, on­da yz­ly-yzy­na ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.
6. RI­WAL­DO. Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy klub­la­ryn­da, şol bir­wag­tyň özün­de-de Öz­be­gis­ta­nyň “Bun­ýod­ko­ryn­da” oý­nap, azi­ýa­ly jan­kö­ýer­le­riň-de uly söý­gü­si­ne mynasyp bolan bra­zi­li­ýa­ly Ri­wal­do 3 ar­zy­ly baý­ra­gyň ara­syn­dan il­kin­ji bo­lup “Al­tyn to­py” ga­zan­ýar (1999). 2002-nji ýyl­da-da Bra­zi­li­ýa Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ýo­ka­ry gal­dy­ran 46 ýaş­ly Ri­wal­do 2002/03 möw­sü­min­de-de “Mi­lan” bi­len Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny ga­za­nyp, het-tri­gi­ni ta­mam­la­ýar.
7. RO­NAL­DI­NIO. Owa­dan, teh­ni­ki til­sim­le­ri, go­rag­çy­la­ryň ba­şy­ny aý­la­ýan he­re­ket­le­ri bi­len ta­rap­ly-ta­rap­syz äh­li fut­bol muş­daklary­nyň aňyn­da uly orun alan Ro­nal­di­nio hem bu sa­na­wa ady­ny ýaz­dyr­dy. 2002-nji ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da to­pa­ry­nyň kä­bir oýun­la­ry­na soň­dan go­şu­lan hem bol­sa, onuň Ang­li­ýa­nyň der­we­ze­sin­den ge­çi­ren go­ly köp­le­riň ýa­dyn­da­dyr. Şol ýyl Bra­zi­li­ýa bi­len Dün­ýä Ku­bo­gy­ny alan Ro­nal­di­nio 2005-nji ýyl­da “Bal­lon d’Or”-y eýe­le­di. 2005/06 möw­sü­min­de-de “Bar­se­lo­na” bi­len Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ýe­ňiş ga­zan­ýar.
8. KA­KA. Sa­na­wyň soň­ky we­ki­li-de Bra­zi­li­ýa­dan bo­lup, öz döw­rün­de owa­dan oý­ny bi­len meş­hur­ly­ga ýe­ten Ri­kar­do Izak­son dos San­tos Ka­ka Lei­te­dir. Ge­çen möw­süm­de fut­bo­ly taş­lan 36 ýa­şyn­da­ky Ka­ka 2002-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­nyň dü­zü­min­de di­ňe 1 du­şu­şyk­da 20 mi­nut çe­me­si çy­kyş et­di. 2006/07 möw­sü­min­de “Mi­la­nyň” Çem­pi­on­lar li­ga­sy ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy­na uly go­şant go­şan Ka­ka “Bal­lon d’Or”-y Mes­si we Ro­nal­do­dan öň alan iň soň­ky fut­bol­çy diý­lip hem ta­nal­ýar. Ol 2007-nji ýyl­da Ro­nal­do we Mes­si­den köp ses alyp, “Al­tyn topuň” eýe­si bol­ýar.
* * *
Öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da bu sa­na­wa go­şul­jak fut­bol­çy­la­ryň bo­lup-bol­ma­jak­dy­gy­ny wagt gör­ke­zer. Şu ýyl­ky da­laş­gär­le­riň ara­syn­dan we­lin di­ňe 2 fut­bol­çy – “Re­al Mad­ri­diň” go­rag­çy­la­ry Ser­hio Ra­mos bi­len Ra­fa­el Wa­ran eger-de “Al­tyn to­py” alan ýag­daý­la­ryn­da sa­na­wa at­la­ry­ny ýaz­dy­ryp bi­ler­ler. Em­ma iki­si­niň-­de alyp bil­me­jek­di­gi­ni hä­zir­den aýt­sak hem öte geç­di­gi­miz bol­maz. Ýö­ne baş­da ag­zap ge­çen sa­na­wy­my­za we­lin (3-si­ni al­ma­dyk­la­ryň), ýe­ne bir fut­bol­çy­nyň go­şul­jak­dy­gy­ny anyk aý­dyp bi­le­ris.