Futbol boýunça 10-njy Aziýa Kubogy 1992-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan 8-nji noýabry aralygynda Ýaponiýada geçirildi. Ýaponiýada ilkinji gezek geçirilen bu ýaryşyň duşuşyklary “Hiroshima Big Arch” hem-de “Hiroshima” (ikisem – Hirosima şäheri), “Bingo Athletic” (Onomiti şäheri) stadionlarynda oýnaldy. Ýaryşa 8 ýygyndy gatnaşdy. Ýer eýesi Ýaponiýa bilen soňky çempion Saud Arabystany saýlama duşuşyklaryny geçirmezden ýaryşda çykyş edýär. Saýlama oýunlarynda-da öz toparçalarynda öňdäki orunlary eýelän Hytaýyň, Eýranyň, Demirgazyk Koreýanyň, Kataryň, Tailandyň hem-de BAE-niň milli toparlary-da çempionatyň beýleki wekilleri bolýar.
“A” toparçada Ýaponiýanyň, BAE-niň, Eýranyň, Demirgazyk Koreýanyň milli toparlary, “B” toparçada-da Saud Arabystanynyň, Hytaýyň, Kataryň hem-de Tailandyň ýygyndylary özara duşuşýar. “A” toparçadaky 6 duşuşygyň 3-si deňlikde gutaryp, olaryň 2-sinde hasap açylmaýar. BAE bilen 0–0, D. Koreýa bilenem 1–1 deňme-deň oýnan ýer eýeleri Ýaponiýa 3-nji duşuşygynda Eýrandan Miuranyň 87-nji minutdaky goly esasynda 1–0 üstün çykýar we ýaryşy dowam etdirýär. BAE bolsa Demirgazyk Koreýany 2–1 hasabynda ýeňip, toparçada 2-nji orny eýeleýär. Koreýleri 2–0 hasabynda utup, çempionata şowly başlan Eýranyň milli topary-da ýaryşa gatnaşyp başlany bäri ilkinji gezek toparçadan çykyp bilmeýär.
“B” toparçadaky oýunlaryň-da 4-si deňlikde gutaryp, 3-si 1–1 hasapda tamamlanýar. Soňky çempion Saud Arabystany Hytaýdyr Katar bilen 1–1 deňme-deň oýnaýar. Olar 3-nji duşuşygynda-da Tailandyň derwezesinden jogapsyz 4 pökgi girizýär. Gollary Al-Owairan, Al-Bişi hem-de Al-Tunaýan geçirýär. Ilkinji 2 duşuşygynda 2 utuk toplan Hytaýyň ýygyndysy-da Katary Pen Weiguonyň gollary bilen 2–1 hasabynda utýar we ýarym finalçy bolýar.
Ýarym finalda-da Ýaponiýa bilen Hytaý hem-de Saud Arabystany bilenem BAE duşuşýar. Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasyndaky duşuşykda 5 gol derwezä girizilýär. Hytaýyň ýygyndysy eýýäm 1-nji minutda Şie Ýuşiniň goly bilen öňe saýlanýar. 48-nji we 57-nji minutlarda Fukuda bilen Kitazanyň gollaryndan soň, Ýaponiýa öňe çykýar. 70-nji minutda Li Şiao hasaby deňleýär. Oýnuň tamamlanmagyna 6 minut galanda-da Nakaýama ýer eýelerini finala çykarýar. Beýleki ýarym finalda-da Saud Arabystanynyň ýygyndysy BAE-ni 3 minutda geçiren 2 gol bilen, ýagny Al-Owairanyň (77) hem-de Al-Bişiniň (80) gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.
3-nji ýer üçin Hytaý bilen BAE duşuşýar. 10-njy minutda Ismail Mubarek bilen öňe saýlanan BAE-lilere 13-nji minutda Hao Haidon jogap berýär. Oýnuň esasy we goşmaça wagtlarynda başga gol bolmaýar. Penaltilerde 4–3 üstünlik gazanan Hytaý bürünç medala mynasyp bolýar.
Ýer eýesi Ýaponiýa bilen soňky 2 ýaryşyň çempiony Saud Arabystanynyň arasyndaky final duşuşygyna tomaşa etmek üçin “Hiroshima Big Arch” stadionyna 60 müň janköýer ýygnanýar. Oýunda siriýaly emin Jamal Al Şarif jürlewük çalýar. Ýeňijini ýeke gol kesgitleýär. Ony-da 36-njy minutda Ýaponiýanyň hüjümçisi Takuýa Takagi öz adyna ýazdyrýar. Şeýlelikde, Ýaponiýanyň ýygyndysy 2-nji gezek gatnaşan çempionatynda ilkinji çempionlygyny gazanýar. Yklymyň täze çempiony Ýaponiýa ýer eýesi hökmünde kubogy eýelän 5-nji topar bolýar. Bu üstünlik Saud Arabystanynyň yzly-yzyna 3 çempionlyk gazanyp, het-trik etmegine böwet bolan Ýaponiýanyň çempionlyklarynyň ilkinjisidir.
Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, Ýaponiýanyň meşhur hüjümçisi Kazuýoşi Miura saýlanýar. Bu hüjümçi häzirki wagtda-da çykyş edip, 51 ýaşyndaky Miura professional karýerasyny dowam etdirýän dünýäniň iň ýaşuly futbolçysy hökmünde tanalýar. Çempionatda 16 duşuşykda 31 gol hasaba alynýar. Şolaryň 3-sini öz adyna ýazdyran Saud arabystanyly Fahad Al-Bişi iň köp pökgi geçiren oýunçy bolýar.
“A” TOPARÇA: Demirgazyk Koreýa–Eýran: 0–2, Ýaponiýa–BAE: 0–0, Eýran–BAE: 0–0, Ýaponiýa–Demirgazyk Koreýa: 1–1, BAE–Demirgazyk Koreýa: 2–1, Ýaponiýa–Eýran: 1–0;
“B” TOPARÇA: Saud Arabystany–Hytaý: 1–1, Tailand–Katar: 1–1, Saud Arabystany–Katar: 1–1, Hytaý–Tailand: 0–0, Saud Arabystany–Tailand: 4–0, Katar–Hytaý: 1–2
ÝARYM FINAL: Ýaponiýa–Hytaý: 3–2, S. Arabystany–BAE: 2–0
3-nji ÝER ÜÇIN: Hytaý–BAE: 1–1 (4–3 p)
FINAL: Ýaponiýa–S. Arabystany: 1–0