Şu ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirýän strategiýasyny nazara almak bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Şol strategiýa pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, gaz hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmäge we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn almagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygy binýatlyk resminama bolup durýar, şonuň esasynda taraplar degişli işleri geçirýärler.
Gaz çykarmak we gazy gaýtadan işlemek, “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirijisi boýunça gaz ibermegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatdaşlyk edip gelýän köp ýyllarynyň dowamynda özara gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy, bu bolsa, ýakyn geljekde zerur bolar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, okgunly barýan ylmy tehnologiýa ösüşi, şeýle hem bar bolan köpugurly mümkinçilikler işewür gatnaşyklary berkitmek hem-de şolara has depginli häsiýeti bermek üçin amatly şertleri döredýär.
* * *
27-nji noýabrda bolsa, milli Liderimiz bilen “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Piter Kallosyň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy ugry bolan nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamany durmuşa geçirýändigini nygtap, bu strategik ulgamda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalaryna uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny belledi.
Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we myhman özara gatnaşyklaryň bilelikdäki işiniň netijelerini hem-de geljegini, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, deňizýaka döwletleriniň dünýäniň işewür bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçiligi açan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ähmiýeti bellenildi.
Nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan hem-de dünýäniň birnäçe energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň sazlaşykly ykdysady ösüşi, şeýle hem amatly maýa goýum ýagdaýy – bularyň ählisi daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi, dürli ulgamlarda iki ýurduň iri, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi üçin şertleri döredýär diýip, Piter Kallos aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimize işewür gepleşikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň dünýäniň işewürler toparlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan hem-de geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.