Paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu çäre köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Aşgabatda guralýan döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň medeniýet işgärlerinden, artistlerinden we muzeý işgärlerinden düzülen uly wekiliýet geldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny, şol sanda folklor we aýdym-saz toparlaryny, sungat ussatlarynyň wekiliýetlerini alyşmak arkaly ep-esli işjeňleşdirdi. Ýurdumyzyň ylym we medeniýet işgärleri halkara maslahata, sergilere we beýleki çärelere gatnaşýarlar. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi bu ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, olaryň ikitaraplaýyn baýlaşdyrylmagyna we köpugurly gatnaşyklaryň täze mazmun bilen giňeldilmegine itergi berýär.
Aşgabatdaky döredijilik çäresiniň çäklerinde Mangistau oblastynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň gözden geçirilişi hem-de ýurdumyzyň şekillendiriş sungaty muzeýinde fotosergi guraldy. Çäräniň açylyş dabarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Žandos Asanow we Mangistau oblastynyň akimi Eraly Tugžanow çykyş etdi. Çykyş edenler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, ynsanperwerlik ulgamdaky däp bolan gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we şeýle döredijilik çäreleriniň geçirilmegine uly üns berýändikleri üçin Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Nursultan Nazarbaýewe tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Agşamara “Watan” kinokonsert merkezinde Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu mynasybetli döredijilik intelligensiýanyň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.
Gutlag sözlerinde iki ýurduň ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar umumy taryhy we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen birleşen goňşy halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalanmagyna hyzmat edýär. Bu gezekki döredijilik çäresiniň iki döwletiň medeniýet we ylmy düzümleriniň wekilleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi.
Soňra Gazagystanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Abyl Tarakuly adyndaky halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde nusgawy milli saz eserleri ýerine ýetirildi.
Mundan başga-da, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda alnyp barylýan anyk işler barada aýdyldy.
Myhmanlar paýtagtymyzda bolmagyň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary, Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar.