Ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan oba ho­ja­ly­gyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­sin­de oba­se­na­gat top­lu­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry hem-de tek­lip­le­ri pu­da­gyň gel­jek­de has-da ös­dü­ril­me­gi­ne, oba zäh­met­keş­le­ri­niň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy­na, bu ugur­da önüm ön­dü­ri­ji­le­riň hö­wes­len­di­ril­me­gi­ne uly iter­gi bol­dy.
Döw­let ta­ra­pyn­dan oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na be­ril­ýän hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wyň ne­ti­je­sin­de, öňü­miz­dä­ki ýyl­dan baş­lap, bug­da­ýyň hem­de pag­ta­nyň tä­ze döw­let sa­tyn alyş ba­ha­la­ry gi­ri­zi­ler. Oba we suw ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gin­de ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 1 ton­na bug­da­ýyň sa­tyn alyş ba­ha­sy 2 es­se, ýag­ny 400 ma­natdan 800 ma­na­da çen­li ýo­kar­lan­dy­ryl­dy. Pag­ta­nyň ba­ha­sy çig ma­lyň hil taý­dan hä­si­ýet­na­ma­la­ry na­za­ra al­nyp kes­git­le­nil­di. 1 ton­na nah pag­ta­nyň sa­tyn alyş ba­ha­sy ýy­gy­myň baş­la­nan gü­nün­den 15-nji okt­ýab­ra çen­li 1 müň 500 ma­nat, 15-nji okt­ýabr­dan 15-nji no­ýab­ra çen­li 1 müň 430 ma­nat, 15-nji no­ýabr­dan ýy­gy­myň ta­mam­lan­ýan gü­nü­ne çen­li 1 müň 365 ma­nat bo­lar.
Şeý­le hem 1 ton­na ýü­pek pag­ta­nyň, to­hum­lyk pag­ta­nyň saý­la­ma sor­tu­nyň sa­tyn alyş ba­ha­sy ýy­gy­myň baş­la­nan gü­nün­den 15-nji okt­ýab­ra çen­li 2000 ma­nat, 15-nji okt­ýabr­dan 15-nji no­ýab­ra çen­li 1 müň 910 ma­nat, 15-nji no­ýabr­dan ýy­gy­myň ta­mam­lan­ýan gü­nü­ne çen­li 1 müň 820 ma­nat bo­lar.
Pu­dak­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň hem-de oba zäh­met­keş­le­ri­ne edil­ýän ýe­ňil­lik­le­riň ha­sa­by­na daý­han­la­ryň gir­de­jisi gör­ne­tin ar­tar. Hä­zir­ki dö­wür­de bug­daý ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin 1 gek­ta­ra edil­ýän ha­ra­jat­la­ryň do­ly ba­ha­sy 925 ma­na­da, şol san­da kä­ren­de­çi­niň ha­ra­jat­la­ry­nyň ýe­ňil­lik­li gym­ma­ty 448,15 ma­na­da deň­dir. Gel­jek ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 1 gek­ta­ra edil­ýän ha­ra­jat­la­ryň do­ly ba­ha­sy 1 müň 449,77 ma­nat, şol san­da kä­ren­de­çi­niň hara­jat­la­ry­nyň ýe­ňil­lik­li gym­ma­ty 687,54 ma­nat möç­be­rin­de bo­lar, şeý­le­lik­de, gal­la­çy­la­ryň ha­ra­jat­la­ry­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny ýap­ma­ga döw­let ta­ra­pyn­dan pul kö­me­gi ber­ler.
Oba ho­ja­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­ta­nyň oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi bar­ha bäh­bit­li işe­wür­li­ge öw­rül­ýär. Mu­nuň özi azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün edip, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­na uly go­şant goş­ýar.

Işanguly MANAÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
mu­gal­ly­my.