Mawrikiý Respublikasynyň Port-Lui şäherinde şu ýylyň 26-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Mawrikiý Respublikasynyň sungat we medeniýet ministri Prithwiradžsing Rupananyň ýolbaşçylygynda geçirilýän ýygnaga ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule hem gatnaşdy.
Bu komitetiň işine adamzadyň maddy däl mirasyny gorap saklamak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna gatnaşyjy 24 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Komitetiň mejlisi ýylda bir gezek geçirilýär. Onuň çäklerinde maddy däl mirasyň gorap saklanmagyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem komitetiň mejlisiniň barşynda gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň 7-siniň sanawa goşulmagy hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmegi üçin hödürlenen 40 ýüztutma seredilýär.
Şonuň netijesinde türki halklarynyň umumy mirasy hasaplanýan “Gorkut ata” eposy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi. Şeýle hem birnäçe dürli derejedäki medeni gymmatlyklar bu sanawa girizildi.
Mundan başga-da, Azerbaýjanyň Nahçywan awtonom Respublikasynyň “Ýally” tansy, Müsüriň ellikli gurjak teatry, Kambojanyň nykap teatry, Pakistanyň “Suri Žagek” Güni synlamak tejribesi, Siriýa Arap Respublikasynyň kölege teatry ýaly gymmatly miraslar maddy däl medeni mirasyň sanawyna goşuldy.
Esmira AGAMÄMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.