Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan amat­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ra­ýat­la­ryň dur­muş hal-ýag­daý­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len süý­şü­rint­gi­le­riň möç­be­ri­niň art­ýan­dy­gy ýyl­sa­ýyn du­ýul­ýar. Süý­şü­rint­gi­le­ri howp­suz top­la­mak, hüm­me­ti­ni sak­la­mak we ola­ryň möç­be­ri­ni öz ýur­duň­da ma­ýa­la­ýyn peý­da­lan­mak­da amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek döw­le­tiň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne geç­ýän döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy ösü­şi we bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­nyň ösüş de­re­je­si­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, 2014-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da “Gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Ka­nun ma­ýa­dar­lar üçin süý­şü­rint­gi­le­ri ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne goý­mak­da goş­ma­ça müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Şeý­le-de bu ka­nun­da ma­ýa­dar­la­ra elin­dä­ki gym­mat­ly ka­gyz­la­ra eýe­çi­lik et­mek we yg­ty­ýar et­mek hu­ku­gy­ny hem-de ma­ýa­da­ry olar bo­ýun­ça gir­de­ji al­ma­ga hö­wes­li ta­rap hök­mün­de kes­git­le­ýär.
Türk­me­nis­tan­da gaz­na ba­za­ry­nyň he­re­ke­ti­niň güýç­len­me­gi we kä­mil­leş­me­gi hä­zir­ki dö­wür­de, ýag­ny eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­niň we te­le­ke­çi­lik işi­niň kä­mil ös­ýän döw­rün­de örän wa­jyp we ze­rur bo­lan gu­ral­la­ryň bi­ri­dir. Hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de gaz­na bir­ža­sy­nyň pul ma­ýa­sy­ny we süý­şü­rint­gi­le­ri jem­le­mek­dä­ki or­ny art­ýar, ýag­ny gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry yk­dy­sa­dy­ýe­ti ma­li­ýe­leş­dir­me­giň goş­ma­ça çeş­me­si­ne öw­rül­ýär.
Gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň kö­me­gi bi­len, şah­sy we eda­ra gör­nüş­li ta­rap­la­ryň pul süý­şü­rint­gi­le­ri ha­ky­ky mad­dy ob­ýekt­le­re, en­jam­la­ra we teh­no­lo­gi­ýa­la­ra öw­rül­ýär. Şeý­le-de, gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ryn­da döw­le­tiň we kär­ha­na­la­ryň paý­na­ma­la­ry­nyň, ob­li­ga­si­ýa­la­ry­nyň do­la­ny­şy­gy – yk­dy­sa­dy­ýe­ti ber­kit­mek bi­len, kär­ha­na­la­ry kä­mil­leş­dir­mä­ge we goş­ma­ça se­riş­de­le­ri çek­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Mun­dan baş­ga-da, pul­la­ry­ny ma­ýa goý­ma­ga ni­ýet­le­ýän ada­ty ra­ýat­lar hem paý­na­mala­ry we ob­li­ga­si­ýa­la­ry sa­tyn al­mak me­se­le­si­ne se­re­dip bil­ýär­ler, ýag­ny üs­tünlik­li kä­mil­leş­ýän kär­ha­na­la­ryň gym­mat­ly ka­gyz­la­ry­nyň ösü­şi bi­len bi­le­lik­de ola­ryň hem süý­şü­rint­gi­le­ri­niň art­ma­gy­na ge­tir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ber­kit­me­giň hä­zir­ki za­man tap­gy­ryn­da esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri, ma­li­ýe gu­ral­la­ry ar­ka­ly pul se­riş­de­le­ri­niň gaý­ta­dan paý­la­nyl­ma­gy­ny ama­la aşyr­ýan gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­lup dur­ýar.

Döw­ran Ýaz­dur­dy­ýew,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.