Dün­ýä­niň iň uly äti­ýaç­lan­dy­ryş brend­le­ri­niň sa­na­wy bel­li bol­dy. “Brand Fi­nance” şe­re­ke­ti­niň taý­ýar­lan sa­na­wy­nyň bi­rin­ji on­lu­gy­nyň 5-si Hy­ta­ýa de­giş­li. Il­kin­ji bas­gan­ça­gy eýe­län “Ping An” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 26,1 mil­liard dollar gym­ma­ty bo­lup, hy­taý bren­di üç ýyl­dan bä­ri bi­rin­ji­li­gi el­den bermän gelýär. Yzy­gi­der­li taý­ýar­lan­ýan bu sa­na­wyň ikin­ji or­nun­da “Al­lianz” ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy bar. Onuň 20,3 mil­liard dol­lar gym­ma­ty­nyň bar­dy­gy aý­dyl­ýar. 14,4 mil­liard dol­lar­lyk “Chi­na Li­fe” hy­taý bren­di üçün­ji ýe­ri eýeläpdir. Dör­dün­ji or­ny 13,3 mil­liard dol­lar­lyk fran­suz kompaniýasy “Axa” al­dy. Mer­ke­zi eda­ra­sy Gon­kong­daky AIA 10,3 mil­liard dol­lar­lyk gym­ma­ty bi­len bä­şin­ji bol­dy. Ge­çen ýyl­ky sa­naw­da 16-njy bo­lan CPIC hy­taý bren­di 8,7 mil­liard dol­lar gym­ma­ty bi­len 6-njy or­na çyk­dy. 2017-nji ýyl­da 9-njy bo­lan ABŞ-nyň “Met­li­fe” şe­re­ke­ti­niň bu ýyl­ky gym­ma­ty 8,1 mil­liard dol­la­ra ýe­tip, 7-nji or­na çy­kyp­dyr. Ge­çen ýy­lyň 10-njy bas­gan­ça­gyn­da­ky “Alls­ta­te” ame­ri­kan bren­di­niň gym­ma­ty 7,6 mil­liard dol­lar bo­lup, iki bas­gan­çak ýo­ka­ry gö­te­ri­l­di. Ge­çen ýyl­ky sa­naw­da 14-nji bo­lan PICC hy­taý şe­re­ke­ti (7,2 mil­liard dol­lar) 9-njy, “Zu­rich” şweý­sar şe­re­ke­ti (7,1 mil­liard dol­lar) üç bas­gan­çak yza süý­şüp, 10-njy bo­l­dy.

Nä­zik Hu­daý­ber­di­ýe­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.