“We­lo­si­ped di­ýa­ry” hök­mün­de ta­nal­ýan Gol­lan­di­ýa­da we­lo­si­ped gün­de­lik dur­mu­şyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rül­di. Ula­gyň bu gör­nü­şi 7 ýaş­dan 70 ýa­şa çen­li jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­la­gy ta­ra­pyn­dan giň­den ula­nyl­ýar. 17 mil­li­on ilat­ly Gol­lan­di­ýa­da 23 mil­li­on­dan gow­rak we­lo­si­ped bar. Maş­ga­la ba­şy­na or­ta­ça 3 we­lo­si­ped düş­ýär.
Bu ýurt­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag gör­nü­şi bo­lan we­lo­si­ped­den peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny gün-gün­den art­ýar. Ra­ýat­la­r işe gi­den­de-de ula­gyň bu gör­nü­şin­den peý­da­lan­ýar­lar. Bu ba­ra­da kä­bir sta­tis­ti­k mag­lu­mat­la­ra ser sa­la­ny­myz­da, işe gid­ýän­le­riň 22 gö­te­ri­mi, ça­ga­sy­ny mek­de­be gat­nad­ýan­la­ryň 18 gö­te­ri­mi hem-de söw­da et­mä­ge gid­ýän­le­riň 14 gö­te­ri­mi, ge­ze­lenç mak­sa­dy bi­len kö­çä çyk­ýan­la­ryň 31 gö­te­ri­mi we­lo­si­ped ulan­ýar. Aýal­lar er­kek­le­re ga­ra­nyň­da, ula­gyň bu gör­nü­şi­ne has köp ýykgyn edýärler. Her ýyl aýal­lar we­lo­si­pe­di 180 mil­li­on ge­zek, er­kek­ler bol­sa, 100 mil­li­on ge­zek ulan­ýar­lar.
Adam sag­ly­gy­na peý­da­ly ha­sap­lan­ýan we­lo­si­ped şol bir­ wagt­da yk­dy­sa­dy taý­dan amat­ly­ly­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Ýurt­da we­lo­si­ped üçin ýanýo­da­la­ryň bol­ma­gy öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk bo­lup hyz­mat ed­ýär. 1970-nji ýyl­dan soň­ra, ýurt­da we­lo­si­ped ýo­da­la­ry gur­lup baş­lan­dy we onuň umu­my uzyn­ly­gy 35 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar bol­dy.
Gol­lan­di­ýa­da her ýyl or­ta­ça, 1 mil­li­on we­lo­si­ped sa­tyl­ýar. Çagalykdan we­lo­si­ped sür­me­gi endik eden adam­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi öň ula­ny­lan we­lo­si­ped­le­ri sa­tyn al­ma­gy has ma­kul ha­sap­la­ýar­lar. Ýur­duň Ut­reht şä­he­rin­de 12 müň 500 we­lo­si­pe­de ni­ýet­le­nen dün­ýä­niň iň uly we­lo­si­ped du­ral­ga­sy­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Onuň gur­lu­şy­gy do­lu­ly­gy­na 2019-njy ýy­lyň maý aýyn­da ta­mam­la­nar.
Ýur­duň paý­tag­ty Ams­ter­dam bi­len bir ha­tar­da, Ut­reht we Gro­nin­gen ýa­ly şä­her­ler­de se­ýil­gäh­ler­de, ka­nal­la­ryň bo­ýun­da, kö­çe­ler­de wagt­la­ýyn­ça goý­lan köp san­ly we­lo­si­pe­de duş gel­mek bol­ýar.

Nurbibi TAGANOWA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.