Daşky gurşawy goramak hem-de howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini azaltmak häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň birine öwrüldi. Ol ähli ugurlary gurşap aldy. Norwegiýanyň deňizde syýahatçylyk gezelençlerini guraýan “Hurtigruten” kompaniýasy bu kampanýa goşulmak bilen, gämilerde balyk hem-de beýleki organiki galyndylardan alnan biogaz ulanmagy göz öňünde tutýar. Deňiz gatnawlarynda ulanylýan dizel ýangyjynyň daşky gurşawa uly zyýan berýändigi mälim edildi. Kompaniýanyň ýolbaşçy düzümi balyk önümçiliginden hem-de beýleki organiki zibilleriň täzeden işlenmegi bilen öndürilýän suwuklandyrylan gazy ulanmagy makul gördi. Kompaniýanyň flotunda 17 gämi bolup, 2021-nji ýyla çenli şolaryň 6-syny bu ýangyçdan peýdalanmak derejesine getirmek göz öňünde tutulýar.
Kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Daniel Skeldam balykçylyk we tokaý hojalygynyň Norwegiýanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarydygyny belläp, bu pudaklarda bioenergetikanyň ösdürilmegi üçin köp mukdarda organiki galyndylaryň jemlenýändigini aýdýar.
Gülkamar SADYKOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy.