UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­lar­da­ky 5-nji du­şuşyk­lar­dan soň 11 to­par – “At­le­ti­ko”, “Bo­rus­si­ýa D.”, “Por­to”, “Şal­ke”, “Ba­wa­ri­ýa”, “Aýaks”, “Man­çes­ter Si­ti”, “Re­al Mad­rid”, “Ro­ma”, “Ýu­wen­tus”, “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” klub­la­ry 2-nji tap­gy­ra çyk­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 4-nji oýun­lar­dan soň, “Bar­se­lo­na” ýa­ry­şy do­wam et­mä­ge hu­kuk ga­za­nyp­dy. Ga­lan 4 to­pa­ryň ara­sy­na go­şul­mak üçin umu­my­lyk­da 7 to­pa­ryň ara­syn­da, “C” to­par­ça­da-da 3 klu­buň ara­syn­da ýi­ti gö­reş do­wam ed­ýär. “Klub Brýug­ge”, “Ben­fi­ka” we “Wa­len­si­ýa” to­par­la­ry-da Ýew­ro­pa li­ga­sy­na go­şu­lar­lar. Ýew­ro­pa li­ga­sy­na go­şul­jak beýleki 5 to­par 6-njy oýun­lar­dan soň bel­li bo­lar.

MES­SI RO­NAL­DO­DAN
ÖŇE GEÇ­DI
“A” to­par­ça­da “At­le­ti­ko Mad­rid” Ko­ke we Griz­man­nyň gol­la­ry bi­len “Mo­na­ko­ny” ýeň­di. Öz meý­dan­ça­syn­da “Klub Brýug­ge” bi­len gol­suz deň­me-deň oý­nan Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy” “At­le­ti­ko­dan” soň, 2-nji tap­gy­ra çy­kan 2-nji klub bol­dy. “B” to­par­ça­da PSW-ni Mes­si we Pi­ke­niň gol­la­ry bi­len 2–1 ýe­ňen “Bar­se­lo­na” bas­syr 12, umu­my­lyk­da-da 17-nji ge­zek to­par­çada 1-nji ýe­ri eýe­le­megi başardy. Bu gör­ke­zi­ji­le­riň iki­si-de re­kor­da deň­dir. Şeý­le-de Mes­si Çem­pi­on­lar li­ga­sy bo­ýun­ça 1 to­pa­ryň dü­zü­min­de 106-njy go­luny ge­çi­rip, ol bu ugur­da Ro­nal­do­dan öňe saý­lan­dy. To­par­ça­da­ky beý­le­ki du­şu­şyk­da-da “Tot­ten­ham” Lon­don­da “In­te­ri” Erik­se­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ut­dy. Iki to­pa­ryň-da 7 utu­gy bo­lup, iki­çäk oýun­la­ra se­re­de­niň­de, iň­lis klu­by öň­de.

IŇ KÖP GOL GEÇIREN BRA­ZIL
“C” to­par­ça­da 5-nji oýun­lar­dan so­ňam, 1 klub hem in­di­ki tap­gy­ra çy­kyp bil­me­di. PSŽ öz meý­dan­ça­syn­da ge­çen möw­sü­miň fi­nal­çy­sy fi­nal­çy “Li­wer­pu­ly” 2–1 ha­sa­byn­da utup, 2-nji or­na geç­di. Fran­suz­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Ber­nat bi­len Neý­mar öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 31-e ýe­ti­ren Neý­mar ýa­ry­şyň iň köp pök­gi ge­çi­ren bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy­sy bol­dy. “Na­po­li” Mer­ten­siň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da “Srwe­na Zwez­da­ny” 3–1 ýeň­di. 6-njy oýun­lar­da “Li­wer­pul” Ang­li­ýa­da “Na­po­li­ni” ka­bul et­se, PSŽ myh­man­çy­lyk­da “Srwe­na Zwez­da” bi­len du­şu­şar. “D” to­par­ça­da-da “Por­to” öz meý­dan­ça­syn­da “Şal­ke­ni” 3–1 ýeň­di. “Lo­ko­mo­tiw” to­pa­ry­nyň-da “Ga­la­ta­sa­ra­ýy” 2–0 ut­ma­gyn­dan soň, “Por­to” bi­len “Şal­ke” 2-nji tap­gy­ra çy­kan klub­lar bol­dy.

“AÝAKS” 13 ÝYL­DAN SOŇ
­“E” to­par­ça­da öz çem­pio­na­tyn­da şow­suz çy­kyş ed­ýän “Ba­wa­ri­ýa” Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Ben­fi­ka­syn­dan” 5–1 üs­tün çyk­dy. Oýun­da Rob­ben bi­len Le­wan­dows­ki­niň her­si 2 gol­dan ge­çir­di. Rob­ben bu gol­la­ryn­dan soň, ýa­ry­şyň iň ne­ti­je­li 2-nji gol­lan­di­ýa­ly fut­bol­çy­sy bol­dy. Ol Nis­tel­ro­oý­dan yz­da bar­ýar. Le­wan­dows­ki bol­sa, şu ýa­ryş­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 50-ä ýe­tir­di. 77 oýun­da bu gör­ke­zi­jä ýe­ten Le­wan­dows­ki umu­my sa­naw­da 6-njy ha­tar­da bar­ýar. Pol­şa­ly hü­jüm­çi 50 gol ge­çi­ren 7-nji fut­bol­çy­ bol­dy. To­par­ça­nyň beý­le­ki oý­nun­da-da “Aýaks” myh­man­çy­lyk­da AEK-i Du­žan Ta­di­çiň 2 go­ly bi­len ýe­ňip, 13 ýyl­dan soň 2-nji tap­gy­ra çyk­dy. To­par­ça­da haý­sy to­pa­ryň 1-nji ýe­ri eýe­le­jek­di­gi 12-nji de­kabr­da­ky “Aýaks”–“Ba­wa­ri­ýa” oý­nun­dan soň bel­li bo­lar. “F” to­par­ça­da “Man­çes­ter Si­ti” to­pa­ry “Lio­ny” myh­man­çy­lyk­da-da ýe­ňip bil­me­di. Ýer eýe­le­ri 2 ge­zek Kor­ne bi­len öňe saý­lan­dy. Ýö­ne il­ki La­por­te, soň­ra-da Ague­ro ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Utu­gy­ny 10-a ýe­ti­ren “Man­çes­ter Si­ti” 2-nji tap­gy­ra ýol­lan­ma al­dy. “Hof­fen­haý­my” myh­man­çy­lyk­da 3–2 ýe­ňen “Şaht­ýo­ryň” no­bat­da­ky tap­gy­ra çyk­mak müm­kin­çi­li­gi do­wam ed­ýär. Olar 12-nji de­kabr­da “Lio­ny” ka­bul edip, is­len­dik ha­sap­da ýe­ňiş ga­za­nan ýag­da­ýyn­da 2-nji tap­gy­ra ýol­lan­ma alarlar.

100 ÝEŇ­ŞE ÝE­TEN
IL­KIN­JI OÝUN­ÇY
“G” to­par­ça­da-da ilki oý­na­lan oýun­da “Wik­to­ri­ýa­nyň” myh­man­çy­lyk­da SSKA-ny 2–1 ýeň­me­gin­den soň, “Re­al Mad­rid” bi­len “Ro­ma” 1/8 fi­na­la çyk­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Rim­dä­ki Olim­pi­ýa sta­dio­nyn­da “Ro­ma­ny” Ga­ret Beýl we Lu­kas Was­ke­siň gol­la­ry bi­len 2–0 ýe­ňen “Re­al Mad­rid” yz­ly-yzy­na 22-nji ge­zek to­par­ça­dan çyk­ma­gy ba­şar­dy. Şeý­le-de Ro­nal­do Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 100 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. “H” to­par­ça­da­ky 2 oýun­da-da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Ýu­wen­tus” bi­len “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” ýa­ry­şy do­wam et­di­rer. Ital­ýan­lar “Wa­len­si­ýa­ny” Man­žu­ki­çiň, iň­lis­le­rem “Ýang Boý­zy” Fel­lai­ni­niň 90+1-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len ýeň­di. “Ýu­naý­te­diň” tä­lim­çi­si Žo­ze Mou­ri­nio kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 14 möw­süm Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çy­kyş edip, ola­ryň äh­li­sin­de-de to­par­ça­dan çyk­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Ol Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gat­naş­ma­dyk 2 möw­sü­min­de-de Ýew­ro­pa li­ga­syn­da ýe­ňiş ga­zan­dy.