Pol­şa­ly sü­rü­ji Ro­bert Ku­bi­sa 8 ýyl­dan soň For­mu­la 1-e do­lan­dy. Ol “Wil­liams” to­pa­ry bi­len şert­na­ma bag­la­şyp, rus­si­ýa­ly sü­rü­ji Ser­geý Si­rot­ki­niň or­nu­na çy­kyş eder. 33 ýaş­ly Ku­bi­sa 2006–2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da-da For­mu­la 1-de çy­kyş edip­di. Ol il­kin­ji 3 ýy­lyn­da “BMW Sau­ber”-de, soň­ky 1 ýy­ly­ny-da “Re­nault” to­pa­ryn­da ge­çi­rip­di. Onuň F1-de iň şow­ly ne­ti­je gör­ke­zen ýy­ly 2008-nji ýyl bo­lup, pol­şa­ly sü­rü­ji gat­na­şan 89 “Gran Pri” ýa­ry­şyn­da 1 ge­zek (Ka­na­da GP – 2008) mün­be­riň çür de­pe­si­ne çyk­dy. Ku­bi­sa F1 bi­len il­kin­ji hoş­la­şy­gyn­dan soň, Dün­ýä ral­li ýa­ryş­la­ryn­da çy­kyş et­di. Ol 2-nji de­re­je­li ral­li ýa­ryş­la­ryn­da 1-nji ýer al­ma­gy hem ba­şa­ryp­dy.