Formula 1 boýunça möwsümiň iň soňky “Gran Prisinde” ýylyň çempiony britaniýaly Lewis Hamilton (“Mercedes”) ýeňiji boldy. Ol BAE-niň Abu Dabi şäheriniň “Ýas Marina” trassasynda geçirilen ýaryşda 1-nji hatardan başlap, 55 aýlawy 1 sagat 39 minut 40,382 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 11-nji, karýerasy boýunça-da 73-nji ýeňşidir. Hamiltondan 2,581 sekunt soň pellehana gelen “Ferrariniň” nemes sürüjisi Sebastian Wettel 2-nji, 12,706 sekunt yza galan Maks Werstappen (“Red Bull”) 3-nji ýeri eýeledi. Şeýlelikde, çempionlygyny 19-njy tapgyrda yglan eden Hamilton möwsümi 408 utuk bilen tamamlady. “Ferrari” toparynyň sürüjileri – germaniýaly Sebastian Wettel 320, finlýandiýaly Kimi Raikkonen 251 utuk toplap, degişlilikde, 2-nji we 3-nji ýerleri eýelediler. Toparlaryň arasynda-da çempionlyk gazanan “Mercedes” 655 utuk toplady. 571 utuk bilen “Ferrari” 2-nji, 419 utukly “Red Bull” 3-nji ýere mynasyp boldy.