Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don şä­he­rin­de ge­çi­ri­len küşt bo­ýun­ça 56-njy Dün­ýä çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. 12 par­ti­ýa­dan yba­rat bo­lan çem­pio­nat no­ýabr aýy­nyň 9–28-i ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­di. Örän çe­ke­le­şik­li ge­çen ýa­ryş­lar­dan soň, 3 çem­pi­on­ly­gy bo­lan nor­we­gi­ýa­ly Ma­gnus Karl­sen ame­ri­ka­ly gar­şy­da­şy gross­meýs­ter de­re­je­si­ni alan Fa­bia­na Ka­rua­na­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. 3 hep­dä go­laý deň­me-deň do­wam eden ýa­ryş­da ýe­ni­ji­ni taý-brek kes­git­le­di. 3 oýun­lyk taý-brek­den soň, küş­düň Mo­sar­ty diý­lip gör­ke­zil­ýän Karl­sen bas­syr 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny mä­lim et­di. Ol 2013-nji ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­gy özün­de sak­la­ýar. 2 fi­nal­çy 1 mil­li­on dol­lar­lyk pul baý­ra­gy­ny paý­la­şyp, onuň 55 gö­te­ri­mi çem­pio­na be­ril­di.