Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogynyň eýesi “Galkan” topary boldy. Çekeleşikli geçen finalda “Galkan” “Watançyny” 9–6 hasabynda ýeňdi. Ýaryşyň bürünç medalyna-da “Nesil” mynasyp bolup, olar “Şir” toparyndan 10–1 hasabynda üstün çykmagyň hötdesinden geldi. Bu ýaryşda ýurdumyzyň hokkeý toparlarynyň jemi 6-sy güýç synanyşdy. “A” toparçada “Nesil”, “Şir” we “Bürgüt” toparlary, “B” toparçada-da “Galkan”, “Oguzhan” hem-de “Watançy” toparlary çykyş etdiler. “A” toparçadan ýarym finala “Nesil” we “Şir” toparlary çykdy. “B” toparçadan bolsa, toparyň lideri “Galkan” we “Watançy” ýarym finala çykmagy başardy. Ýarym finalda-da “Galkan” “Şirden” 13–1, “Watançy” bolsa “Nesilden” 13–2 hasap bilen üstün çykyp, finala atlaryny ýazdyrypdy. Iň köp utuk toplan (11 gol, 2 asist) Döwlet Söýünow ýaryşyň iň gowy oýunçysy bolmagy başardy.