Hormatly Prezidentimiz diplomatik düzümiň wekilleriniň
gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky
däp bolan giňişleýin mejlisini geçirdi

Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň beý­le­ki döw­let­ler­dä­ki dip­lo­ma­tik hem-de kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri, şeý­le hem ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, ga­zet­le­riň re­dak­tor­la­ry we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry ça­gy­ryl­dy. Mej­lis­de Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­zü­min­de iş­le­riň ýag­da­ýy, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny”, şeý­le hem beý­le­ki döw­let we pu­daklaýyn mak­sat­na­ma­la­ry­ ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň des­lap­ky jem­le­ri ba­ra­da belläp geçip, je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 6,2 gö­te­rim de­re­je­de üp­jün edil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. “Türk­me­nis­ta­nyň 2019-njy ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, býu­jet se­riş­de­le­ri­niň 76,6 gö­te­ri­mi dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­ler.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz be­ril­di, ol “Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017 — 2023-nji ýyl­lar üçin kon­sep­si­ýa­sy­nyň” dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Türk­me­nis­tan bu gün dün­ýä­niň 146 döw­le­ti bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy we alyp bar­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 47-si­niň ag­za­sy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da da­şa­ry döw­let­ler­de ýur­du­my­zyň il­çi­ha­na­la­ry­nyň, kon­sul­lyk­la­ry­nyň we he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­la­ry­nyň 38-si he­re­ket ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­le­ri şol birwagt­da beý­le­ki on­lar­ça döw­let­de res­mi taý­dan Türk­me­nis­ta­na we­kil­çi­lik ed­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz­da he­mi­şe­lik esas­da il­çi­ha­na­la­ryň, kon­sul­lyk­la­ryň 35-si we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­ha­na­la­ry­nyň 15-si iş­le­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, il­çi­le­ri we­zi­pä bel­le­mek we we­zi­pe­den bo­şat­mak ha­kyn­da­ky Per­man­la­ra hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň ma­li­ýe me­se­le­le­ri ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra gol çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­jek ýyl üçin Döw­let býu­je­tin­de Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň äh­li ma­li­ýe we mad­dy ze­rur­lyk­la­ry, dip­lo­ma­tik iş­gär­le­riň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry üçin dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­niň göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň bar­şyn­da Ka­rar­la­ra gol çe­kip, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça okuw mer­ke­zi­ni açyp, bu ins­ti­tu­tyň dü­zü­mi­ni, şeý­le hem DIM-niň mer­ke­zi eda­ra­sy­nyň gur­lu­şy­ny tas­syk­la­dy. Bu res­mi­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Da­şa­ry yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bö­lü­mi hem-de dip­lo­ma­tik gul­lu­gyň ar­hiw bö­lü­mi dö­re­dil­di. Soň­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa gel­jek ýy­lyň şy­ga­ry ha­kyn­da­ky tek­lip bi­len çy­kyş et­di. Mej­li­siň Baş­ly­gy Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy ber­kit­mek, dün­ýä­niň döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost­luk we hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, ýaş nes­li Wa­ta­ny­my­za bo­lan çäk­siz söý­gi we we­pa­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, ama­la aşy­ryl­ýan ta­ry­hy iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­ny do­ly gol­da­ýan, şol iş­le­re buý­sanç bi­len go­şant goş­ýan ýur­du­my­zyň döw­let eda­ra­la­ry­nyň, iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň we ýö­ne­keý ra­ýat­la­ry­my­zyň 2019-njy ýy­ly “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” di­ýip at­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hal­ky­my­zyň öňe sü­ren tek­li­bi­ni ma­kul­la­dy hem-de gel­jek ýy­lyň “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” di­ýen şy­ga­ry­nyň ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny, onuň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe git­me­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Şeý­le hem bu şy­gar Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my baş­lan­gyç­la­ry, ama­la aşy­ryl­ýan mil­li we hal­ka­ra tas­la­ma­lar bi­len ut­gaş­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz bu tek­li­bi ka­nun­çy­lyk taý­dan res­mi­leş­dir­me­giň hem-de onuň äh­mi­ýe­ti­ni köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň üs­ti bi­len ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­na ýe­tir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da Mej­li­siň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa hem-de wi­se-prem­ýer B.Ab­dy­ýe­wa anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, şol san­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­na ün­si çe­kip, gel­jek üçin onuň esa­sy we­zi­pe­le­ri­ni kes­git­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de bi­ziň Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap döw­le­ti­miz se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün ed­ýän esa­sy ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Dün­ýä­de güýç­li hem-de ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýe­ti we da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry üçin özü­ne çe­ki­ji ab­raý­ly hem-de hor­mat­lan­ýan döw­let­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­şa­ry yk­dy­sa­dy ul­gam­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­gi hem da­şa­ry sy­ýa­sy gul­lu­gyň işin­de mö­hüm ugur hök­mün­de kes­git­le­di. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ýüz­den gowurak döw­le­ti bi­len yk­dy­sa­dy, söw­da we ma­ýa go­ýum gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de tä­ze dü­züm bir­li­gi­ni – Da­şa­ry yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bö­lü­mi­ni dö­ret­mek ba­ra­da çöz­güt ka­bul edil­di.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ar­hiw gul­lu­gy­nyň müm­kin­çi­li­gi­ni ber­kit­me­giň hem mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Bu gul­luk Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň ol ýa-da beý­le­ki me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ze­rur res­mi­na­ma­la­ry döw­let eda­ra­la­ry­nyň ýüz­tut­ma­la­ry esa­syn­da ber­mä­ge he­mi­şe taý­ýar bol­ma­ly­dyr. Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de bu işi kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Dip­lo­ma­tik gul­lu­gyň ar­hiw bö­lü­mi açyl­ýar.
Biz dip­lo­mat­la­ry­my­zyň öz öň­le­rin­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge do­ly jo­gap­kär­çi­lik bi­len dü­şü­nip, gel­jek­de hem söý­gü­li Wa­ta­ny­my­zyň – Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň bäh­bit­le­ri­ne gul­luk et­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ryň äh­li­si­ni ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýyl bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de ola­ra berk jan sag­ly­gy­ny, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.