Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä, ýurdumyzda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek, aýry-aýry pudaklarda netijeli görkezijileri gazanmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak, eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky işleriň talabalaýyk ýola goýulmagyna ýurdumyzda ýylyň dowamynda geçirilýän dürli pudaklar boýunça halkara forumlaryň hem goşandy uludyr.

Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­ler we mas­la­hat­lar tej­ri­be alyş­mak, ma­ýa­la­ry we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, peý­da­ly pi­kir­le­ri çek­mek, gö­ni işe­wür gat­na­şyk­la­ry­ ýo­la goý­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan örän äh­mi­ýet­li­dir. Şeý­le fo­rum­lar iş gep­le­şik­le­ri­ni we ge­ňeş­me­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­li gu­ra­mak üçin mö­hüm bo­lup dur­ýar. Olar uly ge­le­şik­le­ri bag­laş­ma­ga hem-de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga giň müm­kin­çi­likleri dö­red­ýär.
Şu nuk­daý­na­zar­dan pu­dak­la­ýyn ser­gi­le­riň, yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ryň hem-de iki­ta­rap­la­ýyn we köp gör­nüş­li işe­wür­ler fo­rum­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi hü­när, to­par­la­ýyn we bi­ler­men­ler de­re­je­sin­de wa­jyp me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga, onuň ýag­da­ýy­ny sel­jer­mä­ge hem-de bar bo­lan we çak­la­nyl­ýan is­leg­le­ri öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi önüm­çi­li­gi hem-de ha­ryt­la­ryň ýer­le­nil­me­gi­ni ös­dür­mek, kom­pa­ni­ýa­la­ryň ma­ha­bat-mag­lu­mat işi­ni gu­ra­mak ba­bat­da tä­ze stra­te­gi­ýa­la­ry iş­läp düz­mä­ge iter­gi ber­ýär.
Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk, söw­da, elekt­roe­ner­ge­ti­ka we beý­le­ki top­lum­lar bo­ýun­ça ýur­du­myz­da gu­ral­ýan işe­wür çä­re­ler bu ba­bat­da nus­ga bo­lup durýar. Hu­su­san-da, ýan­gyç ener­ge­ti­ka top­lu­my­na de­giş­li hal­ka­ra fo­rum­lar dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň na­za­ryn­da­ky iri çä­re­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Hal­ka­ra gaz kong­re­si­ 9-njy, “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy” at­ly ser­gi we mas­la­hat bol­sa, 23-nji ge­zek ge­çi­ril­di. Şu fo­rum­lar ýur­du­myz­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bin­ýa­dy­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne ýar­dam et­di.
Ýur­du­myz­da her ýyl döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly toýy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän Diýarymyzyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si hem türk­men döw­le­ti­niň äh­li ugur­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mä­ge giň müm­kin­çi­lik ber­ýär.