Ýene-de sanlyja günden türkmen topragyna Täze ýyl gelýär. Tutuş dünýäde bolşy ýaly, Täze ýyl ýurdumyzda-da uly şatlyk we şowhuna beslenip bellenilýän esasy baýramçylyklaryň biridir. Ýurdumyzyň ähli künjeginde Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda arçalar oturdylyp, köçeler dürli öwüşginli çyralar bilen bezeldi.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda asylly däbe öwrülen belent başly Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň baş arçasy ýene-de paýtagtymyz Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada oturdyldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy köp adamly boldy. Bu ýere baýramçylyga uly höwes bilen garaşýan köp sanly körpeler we mekdep okuwçylary ýygnandy. Aýazbaba we Garpamyk hemişekiler ýaly bu dabaranyň esasy myhmanlary boldy. Bu ýerde guralan köp öwüşginli aýdym-sazly, sahnalaşdyrylan dabaralar körpelere ägirt uly şatlyk we ýatdan çykmajak täsirler eçildi. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda guralan baýramçylyk dabaralary hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň esasynda ýaýbaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, bu kitabyň ady tamamlanyp barýan 2018-nji ýylyň baş şygaryna öwrüldi.
Meýdançanyň merkezinde müňlerçe oýnawaçdan we yşyklandyryjydan bezegi ýeten belent başly Täze ýyl arçasy hemmeleriň göwünlerini göterdi. Ol “2019” belgili sekizburçly ýyldyz bilen birlikde beýikligi 38 metr bolan arçadyr. Onuň töwereginde aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi ýygnanyşyp, täsirli çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Aýazbaba we Garpamyk menziller aşyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny geçip, meýdança geldi. Bu ýere ýygnanan çagalaryň islegi we Aýazbabanyň jadyly taýagynyň täsiri boýunça bezemen arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy Täze ýyl baýramçylygynyň esasy pursatlaryny emele getirdi. Şol pursatda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň merkezi meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylandygyny, şeýlelikde, bu pursatlaryň ýatda galyjy wakalara beslenendigini bellemeli.
Şol günden bäri, ýurdumyzyň ähli künjeginde edaradyr kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda Täze ýyla bagyşlanyp, dürli medeni çäreler geçirilýär. Maşgala baýramçylygy hökmünde-de belli bolan Täze ýyl bereketli saçagyň başyna jem bolup, birek-birege gowudan-gowy arzuwlaryň edilýän baýramydyr. Baýramçylyk mynasybetli birek-birege sowgat etmek indi asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde baýramçylyk söwda satuwlary ýola goýuldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mähriban Diýarymyzyň bir-birinden zyýada gelýän ýyllarynyň ählisinde halkymyzyň parahat, asuda, abadan ýaşamaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Bu Täze ýyl hem türkmen ilimiziň agzybir ojaklarynda çaga gülküleriniň ýaňlanýan, üstünliklere atarýan, rysgal-bereketli, şowly ýyllarynyň biri bolsun!
Selbi Ataýewa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.