Teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­nyň dur­mu­şy­my­za giň­den ara­laş­ma­gy bi­len ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň hyz­ma­ty­nyň hi­li barha ýo­kar­lan­ýar. Ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da öza­ra ha­bar­laş­mak­da esa­sy orun smart­fon­la­ra de­giş­li­dir. Bu ugur­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Sam­sung”, Hy­ta­ýyň “Hua­wei” hem-de ABŞ-nyň “App­le” kom­pa­niýa­la­ry öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­ler­dir. Dün­ýä­de smart­fon ön­dü­ri­ji­le­riň soň­ky ýag­da­ýy ba­ra­da “Coun­ter­point Re­se­arch” mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy de­giş­li bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­di. Sel­jer­me bar­lag­la­ry­na gö­rä, şu ýy­lyň 3-nji çär­ýe­gin­de 380 mil­li­on smart­fon sa­tyl­dy. Ýo­kar­da-da bel­le­nip ge­çi­li­şi ýa­ly, öň­de­li­gi “Sam­sung”, “Hua­wei” hem-de “App­le” şe­re­ket­le­ri eýe­le­di.
Sel­jer­mä­niň şu ýe­rin­de dün­ýä­niň iri
smart­fon ön­dür­ýän 7 kom­pa­ni­ýa­sy
ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat be­ril­ýär:
1“Sam­sung” – dün­ýä sa­tu­wyn­da­ky pa­ýy 19 gö­te­rim. 1938-nji ýyl­da dö­re­di­len Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň bu kom­pa­ni­ýa­sy elekt­ro­ni­ka önüm­çi­li­gin­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da smart­fon sa­tu­wyn­da dün­ýä­de bi­rin­ji orun­da dur­ýar.
2“Hua­wei” – dün­ýä sa­tu­wyn­da­ky pa­ýy 14 gö­te­rim. Hy­ta­ýyň dün­ýä ba­za­ryn­da­ky te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da­ky iň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri­dir. 2018-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Rus­si­ýa­da in­ter­net ar­ka­ly iň köp smart­fon sa­tan fir­ma bo­lup, bu babatda “Sam­sung”-dan we “App­le”-den öňe saý­lan­dy.
3“App­le” – dün­ýä sa­tu­wyn­da­ky pa­ýy 12 gö­te­rim. ABŞ-nyň iri kor­po­ra­si­ýa­sy “App­le” per­so­nal komp­ýu­ter­leri, plan­şet­leri, te­le­fon we beý­le­ki elekt­ro­ni­ka önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän iri şe­re­ket­le­riň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa prog­ram­ma üp­jün­çil­igin­de-de öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Onuň dür­li gör­nüş­dä­ki “iP­ho­ne” modelleri hä­zir­ki wagt­da iň köp is­leg bil­di­ril­ýän mo­bil te­le­fon­la­ryň bi­ri­dir.
4“Xiao­mi” – dün­ýä sa­tu­wyn­da­ky pa­ýy 9 gö­te­rim. 2010-njy ýyl­da Hy­taý­da esas­lan­dy­ry­lan bu kom­pa­ni­ýa dür­li gör­nüş­de smart­fon ön­dür­ýär. 2018-nji ýy­lyň 25-nji okt­ýab­ryn­da kom­pa­ni­ýa özü­niň il­kin­ji “Mi Mix 3” smart­fon-slaý­de­ri­ni köp­çü­li­ge hö­dür­le­di.
5“Op­po” – dün­ýä sa­tu­wyn­da­ky pa­ýy 9 gö­te­rim. Hy­ta­ýyň ýe­ne-de bir elekt­ro­ni­ka ön­dür­ýän iri şe­re­ket­le­rin­den “Op­po” 2008-nji ýyl­da mo­bil te­le­fon­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ne baş­la­dy. Onuň önüm­le­ri “Qualcomm” fir­ma­sy­nyň ýo­ka­ry hil­li çip­le­ri bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. “And­ro­id” ul­gam­ly il­kin­ji smart­fo­ny 2011-nji ýyl­da çyk­dy.
6“Vivo” – dün­ýä sa­tu­wyn­da­ky pa­ýy 8 gö­te­rim. Bu hem Hy­ta­ýyň dün­ýä­de smart­fon ön­dür­ýän öň­de­ba­ry­jy şe­re­ket­le­ri­niň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň Gün­ba­tar­da on­çak­ly köp söw­da­sy ýok. Esa­sy söw­da­sy­ny Hy­taý­da ama­la aşyr­ýar. Bu döwletde öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­mak dün­ýä­de öň­dä­ki ha­ta­ra ara­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şe­re­ke­tiň 4 za­wo­dy bo­lup, onuň iki­si Hy­taý­da ýerleşýär. Hin­dis­tan­ we In­do­ne­zi­ýa­ hem önüm­çi­lik meý­dan­ça­la­ry bar.
7“Le­novo” – dün­ýä sa­tu­wyn­da­ky pa­ýy 3 gö­te­rim. Hy­ta­ýyň bu kom­pa­ni­ýa­sy per­so­nal komp­ýu­terleri we beý­le­ki elekt­ro­ni­ka en­jam­la­ry­ bi­len meş­hur­dyr. Gon­kong­da ha­sa­ba al­nyp, Pe­kin­de ştab-kwar­ti­ra­sy bo­lan kom­pa­ni­ýa­nyň dün­ýä­niň 60-a go­laý ýur­dun­da­ky bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry bi­len ha­sa­ba alanyň­da, 52 müň­den gowu­rak iş­gä­ri bar. 160-dan gow­urak ýurt­da müş­de­ri­le­re hyz­mat edýär.

Döwlet ÝOLOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.