Dünýäniň iň çalt işleýän lifti Günorta Koreýanyň beýik gatly binasynda ýerleşýär. “Lotte World Tower” ýurduň iň beýik binasy bolup, şol bir wagtda beýikligi boýunça dünýäde 5-nji orunda durýar. Onuň beýikligi 555 metrdir. Görenleri haýran galdyrýan beýik gatly bina golaýda aýratynlygy babatda “Emporis Skyscraper Award” baýragyna mynasyp boldy. Binada 123 gat bolup, 42 müň äpişge bar. 2017-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga berlen bina açylan gününden bäri 10 million adam baryp gördi. Bu bolsa, binanyň ýokarsyndaky synlaýyş meýdançasyna her gün 120 müň adamyň çykandygyny aňladýar.
Bu ýerde edara binalary, dükanlar, Günorta Koreýanyň iň gymmat jaýlary ýerleşýär. 121-nji gatdaky synlaýyş meýdançasyna çykmak üçin iň çalt hereket edýän liftiň hyzmaty zerur bolup durýar. Binadaky lift arkaly ýarym kilometrlik aralyk 1 minutda geçilýär. Ýagny, 1-nji gatdan 121-nji gata 1 minutda çykyp bolýar. Binanyň gurluşygyna 2011-nji ýylda girişilipdi.
Gözel ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.