Ger­ma­ni­ýa­ly di­zaý­ner De­wid Ma­ýer-Lau­be­niň iş­läp taý­ýar­lan “Convercycle” at­ly we­lo­si­pe­di­ni ýük da­şa­mak üçin uzal­dyp bol­ýar. Ýük da­şal­ma­ly bo­lan­da, yz­ky ti­g­rini yza süý­şü­ri­p, or­ta­syn­da­ky se­be­de is­län ýü­kü­ňi go­ýaý­ma­ly. Ba­zar­dan alan tor­ba­la­ry­ňy ýa-da bä­bek otur­gy­jy­ny hem bu se­be­de yk­jam ýer­leş­dir­mek müm­kin. Iki zyn­jyr­ly we­lo­si­pe­di işiň bi­ten­den soň­ra köp ýer al­maz ýa­ly ýe­ne-de ki­çel­dip bol­ýar. Ony açyp-ýap­mak üçin ba­ry-ýo­gy 3 se­kunt ýe­ter­lik. Ulag 60 kg-a çen­li ýük gö­ter­ýär. 120 ki­log­ram ag­ram­ly sü­rü­ji­ni gö­ter­ýän ula­gyň öz ag­ra­my 28 ki­log­ram. Yzy we öňi çy­ra­lar bi­len be­ze­len ula­gyň ba­ta­re­ýa­ly gör­nü­şi­niň hem iş­le­nip taý­ýar­lan­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­jek bu we­lo­si­pe­diň sa­gat­da­ky tiz­li­gi­niň 25 km bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Ulagyň adaty görnüşi üçin 750 ýew­ro­dan, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi üçinem 950 ýew­ro­dan in­ter­net ar­ka­ly sar­gyt ka­bul edi­lip baş­lan­dy. Ýe­ter­lik de­re­je­de sar­gyt al­nan­dan soň­ra, köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gine baş­lan­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.

Babajan BATYRGELDIÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.