Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mas­la­ha­ty­nyň 82-nji mej­li­sin­de 3-nji iýu­ny “Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni” di­ýlip yg­lan edil­di. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek hem-de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ug­run­da alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mil­li Li­de­ri­miz we­lo­si­ped spor­tu­nyň yn­san sag­ly­gy­na tä­si­ri­niň ulu­dy­gy­ny nyg­ta­ýar. Ýur­du­myz­da we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş­le­riň gu­ral­ma­gy­ň we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň bar­ha art­ma­gy­na ge­tir­ýär. Hä­zir­ki wag­tda we­lo­si­ped sür­mek bi­len meş­gul­lan­mak bü­tin dün­ýä­de sag­ly­gy ber­kit­me­giň iň yg­ty­bar­ly ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar.

Ýur­du­my­zyň iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy hök­mün­de “Amul – Ha­zar 2018” halkara ral­li bäs­le­şi­gi­ni gör­kez­mek bo­lar. Amul­dan Ha­za­ra uza­ýan 1500 ki­lo­metr­den gow­rak bo­lan aw­to­ral­li ýa­ry­şy ge­ri­mi we äh­mi­ýe­ti bo­ýun­ça Azi­ýa­da ýol­suz ýer­ler­den geç­mek ba­bat­da uly ýa­ryş­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Şöh­rat­ly Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­dan ge­çen bu aw­to­mo­bil ýa­ry­şy dün­ýä­niň 20-den gow­rak ýur­dun­dan sport us­sat­la­ry­ny we hö­wes­jeň­le­ri özün­de jem­le­di. Oňa gat­na­şan tür­gen­ler Türk­me­nis­ta­nyň Ga­ra­gum säh­ra­ly­gy­nyň de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk gö­zel­lik­le­ri­ni hem-de Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän ga­dy­my ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Şu ýy­lyň 11–15-nji sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len aw­to­ral­li ýa­ry­şy Ha­za­ryň ke­na­ryn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ta­mam­lan­dy. Go­wy ne­ti­je gör­ke­zen tür­gen­le­ri­miz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şa ser­paý­la­ry bi­len sy­lag­lan­dy. Ýa­kyn­da Hal­ka­ra aw­to­mo­bil fe­de­ra­si­ýa­sy (FIA) “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy hök­mün­de ýur­du­my­za ýe­ne bir be­lent ynam bil­dir­di. Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­lis­de Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň içi bi­len ge­çi­ril­jek “Turk­men De­sert Race” ýa­ry­şy­nyň ral­li bo­ýun­ça “Dün­ýä ku­bo­gy 2019”-yň bir tap­gy­ry bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. 5 tap­gyr­dan yba­rat bo­lan ýa­ry­şyň 3-nji du­ral­ga­sy (5–11-nji maý ara­ly­gyn­da) Ga­ra­gum säh­ra­sy bo­lar. “Dün­ýä Ku­bo­gy 2019” ral­li ýa­ry­şy­nyň 1-nji tap­gy­ry Ka­tar­da, 2-nji tap­gy­ry BAE-de, 3-nji tap­gy­ry Türk­me­nis­tan­da, 4-nji tap­gy­ry Ga­za­gys­tan­da, 5-nji tap­gy­ry-da Ma­rok­ko­da ge­çi­ri­ler.

Dün­ýä­de sport döw­le­ti hök­mün­de yk­rar edi­len ýur­du­my­zyň gö­zel paý­tag­tyn­da no­ýabr aýy­nyň 1–10-y ara­ly­gyn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça 84-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty gu­ral­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çi­ri­len bu çem­pio­nat uly üs­tün­lik­le­re bes­len­di. 10 gün­läp do­wam eden bu ýa­ryş­da je­mi 72 Dün­ýä re­kor­dy go­ýul­dy. Re­kord­lar şä­he­ri­ne öw­rü­len Aş­ga­bat­da 88 döw­let­den 604 tür­gen jem­len­di. Ýa­ry­şyň do­wa­myn­da tür­gen­ler bir­ba­da gö­ter­mek­de we itek­läp gö­ter­mek­de aý­ra­tyn­lyk­da, iki­si­niň je­mi bo­ýun­ça-da 60 me­dal top­lu­my­ny (umu­my­lyk­da 180) paý­laş­dy­lar. Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da 1-nji or­ny hy­taý­ly agyr at­le­ti­ka­çy­lar eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar.

Sport üs­tün­lik­le­ri­niň ha­ta­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň hok­keý­çi­le­ri­niň ga­za­nan ýe­ňiş­le­ri­ni-de goş­mak bo­lar. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň 3-nji di­wi­zio­ny­na çyk­ma­gy ba­şar­dy. Türk­men hok­keý­çi­le­ri Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­da ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň 3-nji di­wi­zio­ny­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da oý­nan 3 du­şu­şy­gyn­da-da uly ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Oýun­çy­la­ry­my­zyň der­we­ze­den ge­çi­ren we goý­be­rden gol­la­ry­nyň ara­ta­pa­wu­dy 41–5-e deň bol­dy. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hok­keý bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň 3-n­ji di­wi­zio­ny­na çyk­ma­gy ba­şar­dy we 2019-njy ýyl­da şu di­wi­zi­on­da oý­nap, dün­ýä hok­ke­ýi­niň naý­ba­şy to­par­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­mak ba­bat­da ýe­ne-de ynam­ly ädim ät­di. Ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän sport des­ga­la­ry­ň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi­niň we tür­gen­leş­mek üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­le­riň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de­di­gi­ni hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ga­za­ny­lýan me­dal­lar su­but ed­ýär. Sent­ýabr aýyn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pan-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da päl­wan­la­ry­myz üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Türk­men tür­gen­le­ri umu­my sa­naw­da to­par­la­ryň ara­syn­da 27 me­dal bi­len 4-nji or­ny eýe­le­di­ler. Ýur­du­my­zyň adyn­dan we­kil­çi­lik eden tür­gen­ler 10 al­tyn, 5 kü­müş, 12 bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar. Il­deş­le­ri­miz mun­dan öň ge­çi­ri­len Çar­wa­dar­la­ryň 1-nji we 2-nji Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da-da uly üs­tün­lik­le­re eýe bo­lup­dy­lar.

Sam­bo we sö­weş sam­bo gö­re­şi bo­ýun­ça Ru­my­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­ha­rest şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 42-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty hem türk­men tür­gen­le­ri üçin üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy. Ýa­ry­şa 80 döw­let­den 750 tür­gen gat­na­şyp, olar 9 ag­ram de­re­je­sin­de öza­ra güýç sy­na­nyş­dy­lar. Bu çem­pio­nat­da bi­ziň päl­wan­la­ry­myz hem üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Now­ruz Ata­ýew (52 kg), Ke­rim­ber­di Döw­le­tow (62 kg), Ab­dyl­la Ba­ba­ýew (68 kg), Jaw­lan­bek Ma­da­mi­now (82 kg), Ça­ry­my­rat An­na­gur­ba­now (100 kg), Ba­ba­jan Iwa­dul­la­ýew (100+ kg) ýa­ly sam­bo­çy­la­ry­myz bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar.

Spor­tuň fut­bol gör­nü­şin­de-de türk­men to­par­la­ry ta­ry­hy ba­şar­nyk gör­kez­di­ler. Il­kin­ji ge­zek türk­men to­par­la­ry hal­ka­ra ýa­ry­şyň çäk­le­rin­de öza­ra du­şu­şyk ge­çir­di. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň 5 ge­zek çem­pio­ny “Al­tyn asyr” to­pa­ry AFK-nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da fi­na­la çyk­dy. Fi­nal­da Yra­gyň “Al-Ku­wa Al-Ja­wi­ýa” to­pa­ryn­dan as­gyn ge­len il­deş­le­ri­miz ýa­ry­şyň kü­müş me­da­ly­na my­na­syp bol­dy. To­par­ça­da­ky oýun­lar­da şow­ly çy­kyş eden “Al­tyn asyr” soň­ky tap­gyr­lar­da-da fi­na­la çen­li il­ki Hin­dis­ta­nyň “Ben­ga­la­ru”, soň­ra-da De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň “Ap­rel 25” to­par­la­ryn­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. “Al­tyn asyr” to­pa­ry­nyň ga­za­nan bu üs­tün­li­gi türk­men fut­bo­ly­nyň ta­ry­hyn­da­ky iň ýo­ka­ry ne­ti­je­dir.

Ýo­kar­da ady ag­za­lan ýa­ryş­lar bi­len bir ha­tar­da, türk­men tür­gen­le­ri Ma­rok­ko­da­ky dzýu­do “Gran Pri­sin­de”, Tür­ki­ýe­de ge­çi­ri­len kik­boks bo­ýun­ça açyk çem­pio­nat­da, Bang­la­deş­de ge­çi­ri­len wo­leý­bol bo­ýun­ça se­bit­le­ýin Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da, dzýu­do bo­ýun­ça Hy­taý Taý­pe­ýin­de gu­ra­lan Azi­ýa­nyň açyk ýa­ry­şyn­da, Mon­go­li­ýa­da ge­çi­ri­len sam­bo bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň bi­rin­ji­li­gi bäs­le­şi­gin­de, Tai­lan­dyň paý­tag­ty Bang­kok­da gu­ra­lan ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da­ky boks bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da, In­do­ne­zi­ýa­da ge­çi­ri­len 18-nji Azi­ýa oýun­la­ryn­da, Ne­pal­da ge­çi­ri­len ta­ek­won­do bo­ýun­ça Gü­nor­ta Azi­ýa­nyň açyk çem­pio­na­tyn­da, Ga­za­gys­ta­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len jiu-jit­su bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň bi­rin­ji­li­gin­de, In­do­ne­zi­ýa­da ge­çi­ri­len Azi­ýa pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ryn­da, Daş­kent­dä­ki ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky küşt bo­ýun­ça Gün­ba­tar Azi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da we baş­ga-da bir­nä­çe hal­ka­ra ýa­ryş­lar­yn­da uly-uly üs­tün­lik­le­re my­na­syp bol­du­lar.