UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da hem-de Ýew­ro­pa li­ga­syn­da 2-nji tap­gy­ryň bi­je­le­ri çe­kil­di. Mo­na­ko­da ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy­na klub­la­ryň de­giş­li ýol­baş­çy­la­ry, kä­bir ozal­ky fut­bol­çy­lar gat­naş­dy­lar. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, 2-nji tap­gyr­da fut­bol muş­dak­la­ry­na bi­ri-bi­rin­den gy­zyk­ly du­şu­şyk­la­ryň ga­raş­ýan­dy­gy­ny hä­zir­den aýt­sak, öte geç­di­gi­miz bol­maz. Ku­bo­gyň soň­ky 3 ýy­ly­nyň çem­pio­ny “Re­al Mad­rid” yz­ly-yzy­na 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny-da ga­zan­mak is­le­ýän bol­sa, olar il­ki “Aýaks­dan” üs­tün çyk­ma­ly bo­lar­lar. Gol­land to­pa­ry bi­len 12 ge­zek ga­bat­la­şan mad­rid­li­ler şo­la­ryň 7-sin­de ýe­ňiş ga­za­nyp, 4-sin­de ýeň­lip­di (24–10 gol). Çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gär­le­rin­den “Bar­se­lo­na” hem edil “Re­al Mad­rid” ýa­ly o di­ýen güýç­li bol­ma­dyk to­par bi­len bi­je çe­kiş­di. Ka­ta­lon­lar ozal 6 ge­zek ga­bat­la­şyp, hiç bi­rin­de-de ýeň­lip gör­me­dik gar­şy­da­şy “Li­on” bi­len çär­ýek fi­nal ug­run­da gö­re­şer. Is­pan to­pa­ry şol 6 oý­nuň 4-sin­de ýe­ňiş ga­za­nyp, fran­suz klu­bu­nyň der­we­ze­si­ne 16 pök­gi gi­ri­zip­di.
Tap­gy­ryň iň esa­sy bi­je­sin­de kö­ne gar­şy­daş­lar — fi­nal­çy “Li­wer­pul” bi­len “Ba­wa­ri­ýa” du­şu­şar. Olar mun­dan ozal, 7 ge­zek öza­ra du­şu­şyp, ne­mes klu­by 1, iň­lis to­pa­ry-da 2 sa­par ýe­ňiş ga­zan­dy. 4 oýun deň­lik­de gu­tar­dy. “At­le­ti­ko Mad­rid” bi­len “Ýu­wen­tu­syň” bi­je çe­kiş­me­gi-de fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­niň esa­sy üns mer­ke­zin­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň bi­ri bo­lup, olar ozal 7 ge­zek ga­bat­laş­dy­lar. Ital­ýan­lar 4, is­pan­lar 2 oýun­da ýeň­şi­ni baý­ram edip­di. Go­laý­da tä­lim­çi­si Žo­ze Mou­ri­nio­ny we­zi­pe­sin­den bo­şa­dan “Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň” bi­je­si­ne çem­pi­on­lyk ug­run­da ady ag­zal­ýan PSŽ düş­di. Olar il­kin­ji ge­zek res­mi ýag­daý­da ga­bat­la­şar­lar. Hü­jüm fut­bo­ly­nyň iki güýç­li we­ki­li “Bo­rus­si­ýa Dort­mund” bi­len “Tot­ten­ha­myň” ara­syn­da­ky du­şu­şyk­la­ra eý­ýäm­den jan­kö­ýer­le­r uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýärler. Ola­ryň öň­ki öza­ra 4 du­şu­şy­gyn­da ne­mes topary ýe­ke ge­zek hem ýe­ňil­män­dir. Ku­bo­ga ym­tyl­ýan baş­ga bir to­par “Man­çes­ter Si­ti” bol­sa, öz­le­ri­ne bil­di­ril­ýän şu yna­my öde­mek üçin il­ki Ger­ma­ni­ýa­nyň “Şal­ke” to­pa­ry­ny ýa­ryş­dan çy­kar­ma­ly bo­lar­lar. Pep Gu­ar­dio­la­nyň tä­lim ber­ýän to­pa­ry mun­dan öň­ki 3 oý­nuň 2-sin­de gar­şy­daş­la­ry­ny ýe­ňip­di. Tap­gy­ryň iki ta­ra­py-da deňeçerräk ha­sap­lan­ýan bi­je­sin­de “Por­to” bi­len “Ro­ma” du­şu­şar. Iki to­pa­ryň ara­syn­da­ky öň­ki 4 oý­nuň 2-sin­de “Por­to” ýe­ňiş ga­za­nyp­, 2 du­şu­şyk hem deň­lik­de ta­mam­la­nyp­dy. UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 2-nji tap­gy­ryň 1-nji oýun­la­ry 12–13-nji hem-de 19–20-nji few­ral­da, jo­gap du­şu­şyk­la­ry-da 5–6-njy we 12–13-nji mart­da oý­na­lar.
UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň fi­na­ly 2019-njy ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Mad­rid­dä­ki “Met­ro­po­li­ta­no” sta­dio­nyn­da oý­na­lar.