Ýe­ne-de san­ly­ja gün­den “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­ly­ny yz­da go­ýup, “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” diý­lip, yg­lan edi­len 2019-njy ýy­la ga­dam ba­sýa­rys. Ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da­ky gazanylan ösüş­ler we ýe­ti­len be­lent sep­git­ler tä­ze ýyl­da-da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de ber­ki­dil­me­gi­ne, yl­myň, bi­li­miň, sag­ly­gy go­raý­şyň, dur­muş ul­ga­my­nyň ok­gun­ly ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­jek­di­gi­niň buş­luk­çy­sy­dyr.

“Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çip bar­ýan 2018-nji ýyl­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni has aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär ed­ýär. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki mas­la­hat­lar, ser­gi­ler we fo­rum­lar bi­len bir ha­tar­da dün­ýä äh­mi­ýet­li hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry hem gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çen­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris.
Ýur­du­myz­da 2018-nji ýyl­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ösüş dep­gi­ni­niň dur­nuk­ly sak­lan­ýan­dy­gy­ny äş­gär et­di. Şu dö­wür­de ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň möç­be­ri­niň ge­çen ýyl­da­ky­dan art­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şun­luk­da, üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň do­wa­myn­da ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­ber­le­ri kö­pel­di.
Şu ýy­lyň do­wa­myn­da paý­tag­ty­myz­da we se­bit­ler­de köp san­ly me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik, ulag-ara­gat­na­şyk hem-de beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­lar gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki Hal­ka­ra de­ňiz por­ty, Ga­ra­bo­gaz­da­ky kar­ba­mid za­wo­dy, Gy­ýan­ly­da­ky po­lip­ro­pi­len we po­lie­ti­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky dynç alyş mer­kez­li ak­wa­park we şy­pa­ha­na, Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li, Ma­ry­da­ky ut­ga­şyk­ly usul­da iş­le­ýän bug-gaz elekt­rik be­ke­di, Ahal we­la­ýa­tyn­da “Türk­me­naý­naö­nüm­le­ri” önüm­çi­lik kär­ha­na­sy, Ser­he­ta­bat–Tur­gun­dy de­mir ýo­ly hem-de mek­dep­ler, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry, ýo­ka­ry amat­ly­gy bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bar. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne, se­bi­tiň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­na hyz­mat et­jek bir­nä­çe hal­ka­ra tas­la­ma­lar — Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan–Hin­dis­tan (TOPH) gaz ge­çi­ri­ji­si, bu ugur bo­ýun­ça elekt­rik ge­çi­ri­ji we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry ýa­ly iri tas­la­ma­lar bo­ýun­ça köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di.
Türk­me­nis­ta­nyň bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na äh­mi­ýet ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler saz­la­şyk­ly ösü­şe eýe bol­dy. Şun­luk­da, ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan hal­ka­ra çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di. Bu bol­sa, ýur­du­myz­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ni şert­len­dir­di.
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy-ma­li­ýe top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, ola­ryň hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­na do­ly la­ýyk gel­me­gi ug­run­da ze­rur iş­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Bu top­lu­myň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, oňa dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­le­ri­ni, tä­ze­çil usul­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­len­di. Bu bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy-ma­li­ýe top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny üp­jün et­di.
Türk­me­nis­ta­nyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­na do­ly la­ýyk de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa, ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gin­de, ne­bit­gaz se­na­ga­ty­na tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Mu­nuň bol­sa, top­lum­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň, hu­su­san-da, te­bi­gy ga­zyň çy­ka­ry­ly­şyn­da, top­lu­myň gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gin­de has-da wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­me­li.
Şeý­le hem şu ýy­lyň do­wa­myn­da TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Sa­ud Ara­bys­ta­ny bi­len bag­la­şy­lan de­giş­li yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, tu­tuş se­bit äh­mi­ýet­li mö­hüm gur­lu­şyk üçin po­lat tur­ba­la­ryň ge­lip baş­la­ma­gy bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­di.
Ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­my mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de mö­hüm ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Bu ul­gam­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, ýur­du­myz­da ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gin­de hem äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hy­rat şä­he­rin­den ýük ulag­lar ker­we­ni­niň Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den ge­çip, Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň üs­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na ug­ra­dyl­ma­gy Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň anyk ne­ti­je ber­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk we ener­ge­ti­ka ul­ga­my saz­la­şyk­ly ös­ýän pu­dak­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si ulan­ma­ga be­ril­di. Ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­ny ös­dür­mek, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, hu­su­san-da, top­lum­da giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­sin­de öňe sür­len esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bol­dy. Şun­luk­da, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri yl­my esas­da ös­dür­mek, ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny we mal­dar­çy­lyk önüm­le­ri­niň muk­dar­la­ry­ny art­dyr­mak, şeý­le hem pu­da­ga hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri çek­mek bo­ýun­ça anyk we­zi­pe­ler kes­git­le­nip, ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ugur­la­ry tas­syk­lan­dy.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň işi has-da kä­mil­leş­di­ril­di. Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­syn­da ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ne mö­hüm orun de­giş­li bo­lup dur­ýar. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu top­lum­da söw­da do­la­ny­şy­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek, te­le­ke­çi­le­riň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­la­ra iş­jeň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­na kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, bi­li­miň hi­li­ni we de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýar. Sport, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gin­de, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gin­de bu ugur­la­ra mö­hüm orun de­giş­li bo­lup dur­ýar.
Hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gyn­da, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­ri wasp et­mek­de sun­gat we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Bu ulgamda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, ýo­la go­ýul­ýan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­jeň­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni, ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­me­li.
Umu­man, “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da ta­mam­la­nyp bar­ýan 2018-nji ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ýur­du­myz bo­ýun­ça oňyn ne­ti­je­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Bu bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.