Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Täze merkeziň döredilmegi baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz tarapyndan 20-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňe sürüldi. Bu merkeziň açylmagy bilen halkara gatnaşyklar ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy täze derejä çykarylar, bu bolsa Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän barlag we seljerme işlerini kämilleşdirmäge, döwrüň talaplaryna laýyklykda bu ýokary okuw mekdebiniň geçirilýän çäreleriniň iş ýüzündäki netijesini güýçlendirmäge mümkinçilik berer.
Maslahatda edilen çykyşlarda institutda alnyp barylýan işleriň esasy tapgyrlary we netijeleri häsiýetlendirildi, hormatly Prezidentimiz tarapyndan Daşary işler ministrliginiň öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiniň geljekki işleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Bu ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň belleýişleri ýaly, on ýylyň dowamynda institutda 470 hünärmen taýýarlanyldy, olar dürli ulgamlarda — diplomatiýa, ykdysadyýet, hukuk, maliýe-bank ugurlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işleýärler.
Halkara gatnaşyklary institutynyň 10 ýyllyk senesine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler. Şol günüň ikinji ýarymynda myhmanlar Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu ýerde ilkinji ýöriteleşdirilen sapaklar geçirildi. Şolarda ýokary okuw mekdebiniň talyplary diplomatik wekilhanalarda baý iş tejribesini toplan hünärmenleriň Türkmenistanyň energetika, suw we ulag diplomatiýasy baradaky çykyşlaryny diňlediler.