Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­dä­ki “The Du­bai Mall” söw­da-dynç alyş mer­ke­zin­de dün­ýä­niň iň uly Tä­ze ýyl şa­ry otur­dyl­dy. Ol Ame­ri­ka­nyň “Venue Arts” be­zeg kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sar­gy­dy bo­ýun­ça taý­ýar­lan­dy.
Me­tal­dan ýa­sa­lan oý­na­wa­jyň be­ýik­li­gi 6,6 met­re, ini 4,7 met­re we ag­ra­my 1100 ki­log­ra­ma deň­dir. Bu şa­ry gur­na­mak üçin 15 adam­dan yba­rat iş­çi to­pa­ry 2 gi­je iş­le­di­ler. Ýe­ne-de bir gi­je ony ýo­ka­ry as­mak üçin sarp edil­di. Da­şy ar­dy­lan apel­sin gör­nü­şin­dä­ki gy­zyl, açyk gy­zyl hem-de mä­mi­şi reňk­dä­ki bu oý­na­waç söw­da-dynç alyş mer­ke­zi­niň bir pa­wil­ýo­ny­ny be­zäp otyr. Ol ýan­war aýy­nyň ahy­ry­na çen­li şol ýer­de ga­lar.
Ägirt uly Tä­ze ýyl oý­na­wa­jy dün­ýä­niň iň ulu­sy ha­sap edil­di. Ol Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na iň uly Tä­ze ýyl şa­ry hök­mün­de res­mi taý­dan ha­sa­ba alyn­dy.
“The Du­bai Mall” söw­da-dynç alyş mer­ke­zi 3,96 mil­li­on ine­dör­dül metr meý­da­ny eýe­läp, ýur­duň iri söw­da mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. Onuň eýe­le­ýän meý­da­ny 50 fut­bol meý­dan­ça­sy­na de­ňe­çer­dir. Bu ýer­de 1,4 mü­ňe go­laý dür­li dü­kan, res­to­ran we ka­fe bar. Mun­dan ozal, söw­da top­lu­my Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na bir­nä­çe ge­zek ady­ny ýaz­dyr­dy. On­da iň gym­mat te­ker (600 müň dol­lar) sa­tyn alyn­dy. Şeý­le hem bir ady gö­ter­ýän köp san­ly ada­myň jem­le­nen ýe­ri bol­dy. Bu ýe­re 1096 sa­ny Mu­ham­med at­ly adam ýyg­nan­dy. Ge­çen ýyl söw­da mer­ke­zin­de gur­na­lan okea­na­ri­um 710 ine­dör­dül metr meý­da­ny bi­len dün­ýä­niň iň ulu­sy ha­sap edil­di.

Ýeňiş MAMMOWOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň talyby.