Hin­dis­ta­nyň iň uzyn de­mir­ýol hem-de aw­to­mo­bil köp­rü­si ulan­ma­ga be­ril­di. Köp­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di gat­naş­dy. Ol bu köp­ri ar­ka­ly il­kin­ji ot­ly gat­na­wy­na ak pa­ta ber­di.
Brah­ma­put­ra der­ýa­sy­nyň üs­tün­den geç­ýän köp­ri 4,94 ki­lo­met­re uzap, ol “Bo­gi­bil” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Bu köp­ri ýur­duň ozal­ky mer­hum Prem­ýer-mi­nist­ri Ata­la Bi­ha­ri Wadž­pai­niň dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di. Il­kin­ji ot­ly gat­na­wy As­sam şta­ty­nyň Tin­su­ki­ýa şä­he­rin­den Aru­na­çal-Pra­de şta­ty­nyň Na­har­la­gun şä­he­ri­ne ta­rap men­zil aş­dy. Köp­ri­niň 1997-nji ýyl­da ýur­duň şol wagt­ky Prem­ýer-mi­nist­ri De­we Gow­da ta­ra­pyn­dan düý­bi tu­tu­lyp­dy. De­mir­ ýol köp­rü­si bi­len bir ha­tar­da, bu ýer­de 3 zo­lak­dan yba­rat aw­to­mo­bil ýoly hem çe­kil­di.
Ýur­duň ra­ýat­la­ry de­mir­ga­zyk bö­lek­dä­ki As­sam we gün­do­gar­da­ky Aru­na­çal ştat­la­ryn­dan Mum­baý, Tä­ze De­li, Kal­kut­ta we Ban­ga­lor ýa­ly iri şä­her­le­re Gu­wa­ha­ti şä­he­ri­ne gel­mez­den, gö­ni barmaga müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Bu öz­bo­luş­ly in­že­ner­çi­lik des­ga­sy Azi­ýa­nyň ikin­ji uly köp­rü­si bo­lup dur­ýar.

Perhat PIGAMOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.