Dün­ýä­niň iň uly tebigy ar­ça­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň Dort­mund şä­he­rin­de otur­dyl­dy. Ol be­ýik­li­gi hem-de ulu­ly­gy bo­ýun­ça dün­ýä­niň iň ägir­di ha­sap­lan­dy. Bu ba­ra­da “Deutsche Wel­le” te­le­ra­dio kom­pa­ni­ýa­sy ha­bar ber­di.
Dort­mund şä­he­rin­dä­ki Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň be­ýik­li­gi 45 met­re ba­ra­bar­dyr. Onuň ag­ra­my bol­sa, 40 ton­na. Ol 1700 tö­we­re­gi uly bol­ma­dyk ar­ça­lar­dan dü­zü­len­dir. Bu ar­ça­lar Rož­dest­wo baý­ram­çy­ly­gy üçin ýer­li to­kaý ho­ja­lyk­la­ryn­da ýö­ri­te ýe­tiş­di­ril­di. Bu ar­ça­nyň gur­na­ma iş­le­ri 4 hep­dä çek­di. Dün­ýä­niň iň uly ar­ça­sy­ny be­ze­mek üçin 48 müň baý­ram­çy­lyk çy­ra­la­ry ula­nyl­dy.
Baý­ram­çy­lyk möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy bi­len Ger­ma­ni­ýa­da 3 mü­ňe go­laý baý­ram­çy­lyk ýar­mar­ka­la­ry açyl­dy. Ol ýer­ler­de dür­li sow­gat­lyk ha­ryt­la­ry bi­len bir ha­tar­da, beý­le­ki ha­ryt­la­ry hem sa­tyn al­mak müm­kin­çi­li­gi dö­re­dil­di.

Baýmyrat SOPYÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.