Eziz wa­tan­daş­lar!
Mäh­ri­ban hal­kym!
Şan­ly wa­ka­la­ra bes­le­nen 2018-nji – “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edi­len ýyl ta­mam­la­nyp bar­ýar. Biz ata Wa­ta­ny­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy­ny, mer­da­na hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de uly üs­tün­lik­ler ga­za­ny­lan 2018-nji ýyl bi­len hoş­laş­ýa­rys. Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi ösüş­le­riň we ro­waç­lyk­la­ryň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ýe­tir­jek 2019-njy ýy­ly uly umyt hem-de şat­lyk bi­len gar­şy­la­ýa­rys.
Tä­ze, 2019-njy ýyl – Gün­do­gar mü­çe­na­ma­sy bo­ýun­ça do­ňuz ýy­ly.
Ata-ba­ba­la­ry­myz: “It ýy­ly ek, do­ňuz ýy­ly or” di­ýip, bu ýy­lyň ha­syl­ly, be­re­ket­li bol­ýan­dy­gy­ny bel­läp­dir­ler.
Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2018-nji ýyl ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň, mer­da­na hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ry­lan ýyl­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Bu ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy.
Ýur­du­myz­da 25-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Bu saý­law­lar döw­le­ti­mi­ziň de­mok­ra­tik ýol bi­len ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di.
Şu ýyl biz paý­tag­ty­my­zyň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­byn­da “Tä­ze za­man” ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­ny, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­de kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na bi­len ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­ny, Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­ny, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dynç alyş mer­kez­li ak­wa­par­ky we şy­pa­ha­na­ny ulan­ma­ga ber­dik. Gö­zel paý­tag­ty­myz­da işe­wür­lik top­lu­my­ny, Ahal we­la­ýa­tyn­da aý­na kär­ha­na­sy­ny, Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de bug-gaz elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny işe gi­riz­dik. Bal­kan we­la­ýa­tyn­da “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” za­wo­dy­ny, po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da aç­dyk.
Ser­he­ta­bat – Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň, Türk­me­na­bat Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­myz­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny döw­re­bap di­keld­ýän­di­gi­mi­zi aý­dyň gör­kez­ýär.
Biz Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň, Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan elekt­rik hem-de op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň, döw­re­bap tä­ze oba­la­ryň we en­çe­me beý­le­ki des­ga­la­ryň düý­bü­ni tut­duk.
Sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­sin­de biz oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri, ila­ty­my­za be­ril­ýän dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek we­zi­pe­le­ri­ni kes­git­le­dik.
Biz oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler üçin ýer bö­lek­le­ri­ni uzak möh­let­le­ýin peý­da­lan­ma­ga ber­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te ýer gaz­na­la­ry­ny dö­ret­dik. Bu bol­sa ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri be­rer.
Ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da hem mer­da­na daý­han­la­ry­myz yh­las bi­len zäh­met çe­kip, Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on ton­na­dan gow­rak guş­gur­sak bug­daý, 1 mil­li­on 100 müň ton­na­dan gow­rak hem “ak al­tyn” tab­şy­ryp, ýur­du­my­zyň be­re­ke­di­ne be­re­ket goş­du­lar.
Ga­dyr­ly wa­tan­daş­lar!
Eziz hal­kym!
Sag­lyk, sport, ylym-bi­lim ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek, hil taý­dan tä­ze be­lent­lik­le­re çy­kar­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe­si dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Biz “Il sag­ly­gy – ýurt baý­ly­gy” di­ýen şy­gar esa­syn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dü­re­ris we kä­mil­leş­di­re­ris. Jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga düýp­li äh­mi­ýet be­re­ris.
Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, eş­ret­li dur­mu­şyň, bag­ty­ýar gel­je­giň göz­ba­şy ylym-bi­lim­dir. Ylym-bi­lim döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň öňe git­me­gi­niň berk bin­ýat­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim be­rip, yl­my-bi­li­mi hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bi­ziň öňü­miz­de du­ran mö­hüm we­zi­pe­dir.
Hoş­laş­ýan ýy­ly­myz­da spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek­de hem giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ri­len “Amul – Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ni, we­lo­si­ped­li hem-de yl­gaw ýa­ryş­la­ry­ny, şeý­le hem Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny buý­sanç bi­len gör­kez­mek bo­lar.
Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len şu ýyl Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 3-nji iýu­ny “Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni” di­ýip yg­lan et­di. Biz Tä­ze ýyl­da-da spor­ty ös­dür­mä­ge uly üns be­re­ris.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Me­de­ni­ýet hal­ky­my­zyň kal­by­dyr, mil­le­ti­mi­ziň mer­te­be­si­dir. Şo­ňa gö­rä-de, 2018-nji ýyl­da me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek, baý mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak hem-de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­dy.
Biz ru­hy baý­ly­gy­myz bo­lan me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mä­ge mun­dan beý­läk-de uly üns be­re­ris.
Da­şa­ry sy­ýa­sat­da biz Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­dä­ki or­nu­ny has-da ber­kit­me­gi, beý­le­ki ýurt­lar we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýä­ris. Se­bä­bi bu bi­ziň hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­my­zyň stra­te­gik ug­ru­dyr.
Şu ýyl Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň içer­ki ulag bo­ýun­ça Ko­mi­te­ti­niň býu­ro­sy­nyň ag­za­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di.
Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň bu Gu­ra­ma­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň 2019 – 2021-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­lan­ma­gy hem ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.
Eziz adam­lar!
Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, biz 2019-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan baş­lap, aý­lyk zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň we döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp hem-de diň­leý­ji hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni 10 gö­te­rim ýo­kar­lan­dyr­ýa­rys. Şeý­le­lik­de, Tä­ze, 2019-njy ýy­ly be­lent we­zi­pe­ler, aý­dyň mak­sat­lar we uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýa­rys.
Ga­raş­syz ýur­du­my­za buý­san­jy­myz­dan, aý­dyň mak­sat­la­ry­myz­dan ugur alyp, biz 2019-njy ýy­la “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” di­ýip at ber­dik.
Tä­ze ýyl­da ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak­da mer­da­na hal­ky­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi we yh­las­ly zäh­me­ti bi­ziň güýç-kuw­wa­ty­my­zy has-da art­dy­rar. Eziz Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de ro­waç­lyk­la­ra bes­lär.
Eziz adam­lar!
Ýe­ne-de az sa­lym­dan biz Tä­ze, 2019-njy ýy­ly – “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­ly­ny gar­şy al­ýa­rys. Goý, Tä­ze ýyl pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dynç­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň hem-de eg­sil­mez rys­gal-be­re­ke­diň ýy­ly bol­sun!
Tä­ze ýyl­da si­ziň maş­ga­la ojak­la­ry­ňy­za ag­zy­bir­lik, bag­ty­ýar dur­muş, uly üs­tün­lik­ler, döw­let­li döw­ran ar­zuw ed­ýä­rin!
Eziz wa­tan­daş­lar!
Tä­ze – 2019-njy ýy­ly­ňyz gut­ly bol­sun!
Şeý­le şat­lyk­ly pur­sat­da şu goş­gy se­tir­le­ri­mi si­ze ýe­tir­ýä­rin:

Dur­muş ne­neň owa­dan,
Di­ýar ne­neň nu­ra­na!
Gel, Tä­ze ýyl, şan be­rip
Bu döw­let­li döw­ra­na!

Gö­ge ýe­ten ar­zuw­lar
My­dam ýer­de go­wuş­syn!
Ýyl­lar dü­şüm­li gel­sin,
Toý­lar to­ýa ulaş­syn!