Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň gyş­ky dynç alyş möw­sü­mi başlady. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň mek­dep okuw­çy­la­ry ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ma­ga gi­riş­di­ler. Şu ýyl 7 müň­den gow­rak okuw­çy­ny ka­bul ed­ýän Gök­de­re­dä­ki sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň 14-sin­den baş­ga-da, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da he­re­ket ed­ýän sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň 5-si kör­pe­le­riň 1500-si­ni ka­bul ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­niň bi­ri bo­lan Gök­de­re jül­ge­si dynç alyş üçin amat­ly ýer­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Kö­pet­da­gyň gar ba­san ge­riş­le­ri, sä­her du­ma­ny er­te­ki­ler­dä­kä ça­lym­daş gör­nüş­le­ri dö­red­ýär.
Gyş­ky dynç alyş möw­sü­min­de ça­ga­lar üçin bu ýer­de gy­zyk­ly çä­re­ler gu­ral­ýar. Olar aja­ýyp kün­jek­de ge­ze­lenç­de bol­ýar­lar we mu­zeý­le­re, paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­ne sy­ýa­hat ed­ýär­ler.
Mun­dan baş­ga-da, mek­dep okuw­çy­la­ry ça­ga­lar mer­kez­le­rin­dä­ki sport top­lum­la­ryn­da be­den­ter­bi­ýe çä­re­le­ri­ne gat­na­şar­lar. Mer­kez­ler­de he­re­ket ed­ýän gur­nak­lar­da bol­sa, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­ke­zer­ler hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ziň kör­pe­le­re sar­gyt edi­şi ýa­ly, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­re­ner­ler we komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­ny art­dy­rar­lar.
Gök­de­rä­niň kon­sert meý­dan­ça­la­ryn­da we zal­la­ryn­da kör­pe ar­tist­le­riň, ýa­şa­jyk ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň hem-de ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik we teatr to­par­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da yzy­gi­der­li me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler gu­ra­lar.
* * *
Şeý­le hem “Aş­ga­bat” myh­man­ha­na­syn­da giň möç­ber­li Tä­ze ýy­la ba­gyş­la­nan baý­ram­çy­lyk çä­re­si ge­çi­ril­di. Paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­li­gi­niň gu­ran çä­re­si­niň mak­sat­na­ma­sy şat­lyk­ly wa­ka­la­ra baý bol­dy. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň est­ra­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­ri, teatr­la­ryň ar­tist­le­ri, tans to­par­la­ry çy­kyş edip, çä­rä öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ni çaý­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ag­tyk­la­ry Ke­rim­gu­ly Berdimuhamedowyň, Ys­ma­ýyl Ama­no­wyň, şeý­le hem ýaş aý­dym­çy Döw­ran Şam­my­ýe­wiň aý­dan aý­dym­la­ry da­ba­ra­nyň has tol­gun­dy­ry­jy pur­sa­dy bol­dy. “Gü­neş” to­pa­ry­nyň hä­zir­ki za­man saz äheň­le­ri as­tyn­da iň­lis di­lin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dy­my da­ba­ra gat­naş­ýan kör­pe­le­re baý­ram­çy­lyk şat­ly­gy­ny, ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri eçil­di.
Bu­la­ryň äh­li­si “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” şy­ga­ry as­tyn­da geç­jek 2019-njy ýy­lyň il­kin­ji gün­le­ri­niň uly ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­dun­da ýa­şa­ýan kör­pe ne­sil­ler döw­re­bap de­re­je­de bi­lim alyp, saz­la­şyk­ly ös­ýär­ler we dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýd­ýar­lar. Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da oňa gat­na­şan kör­pe­le­re döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan Tä­ze ýyl sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.