Rus­si­ýa­ly kos­mo­nawt, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Gah­ry­ma­ny we Türk­me­nis­ta­nyň “Pre­zi­den­tiň Ýyl­dy­zy” or­de­ni­niň eýe­si, Türk­me­nis­tan­da dog­lan, hä­zir­ki dö­wür­de Hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­syn­da­ky mis­si­ýa ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Oleg Ko­no­nen­ko hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Gut­lag iber­di.
Şeý­le hem Oleg Ko­no­nen­ko kos­mos­da al­nan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi ” at­ly ki­ta­by bi­len du­ran su­ra­ty­ny iber­di. Mil­li Li­de­ri­mi­zi we äh­li türk­me­nis­tan­ly­la­ry Tä­ze ýyl bi­len gut­lap, kos­mo­nawt Hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baý­da­gy­ny we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ki­ta­by­ny goý­ma­gy özi üçin uly hor­mat saý­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ol bu ki­ta­by we baý­da­gy 2018-nji ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da baş­lan HKS-iň no­bat­da­ky mis­si­ýa­sy­na öz ýa­ny bi­len al­ma­gy­ny mäh­ri­ban Wa­ta­ny­na, mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik we äh­lu­mu­my ösüş sy­ýa­sa­ty­na goý­ýan hor­ma­ty­nyň ny­şa­ny­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Şeý­le hem kos­mo­nawt dog­lan we önüp-ösen ýur­du­na aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýan­dy­gy­na we onuň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne buý­san­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Oleg Ko­no­nen­ko hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýüz­le­nip, bu ki­ta­byň ýur­du­my­zyň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen ýyl­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň kos­mos gi­ňiş­li­gin­de äh­lu­mu­my yk­rar­na­ma eýe bol­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Wa­tan­da­şy­myz Türk­me­nis­ta­nyň bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal ba­dal­ga ber­len kos­mos mak­sat­na­ma­sy­nyň öz ösü­şi­ni do­wam et­jek­di­gi­ne we beý­le­ki wa­tan­daş­la­ry­my­zyň hem ýur­du­my­zy şöh­rat­lan­dy­ryp, kos­mo­nawt­lar ha­ta­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­sy­na no­bat­da­ky mis­si­ýa­syn­da Oleg Ko­no­nen­ko­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­by­ny ýa­ny bi­len al­ma­gy ýö­ne ýer­den däl­dir. Şu jäht­den ugur alyp, kos­mo­nawt hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny di­kelt­mek ba­ra­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň gym­ma­ty we giň göw­rüm­li mak­sat­la­ry hem-de gel­jek­de bu mö­hüm ugur­da bi­ziň ýur­du­my­zyň pa­ýy­na düş­ýän wa­jyp or­ny ba­ra­da bel­le­di.