Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyz beýik maksatlar, arzuw-umytlar bilen Täze ýyla gadam basdy. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan ajaýyp üstünlikler türkmen halkymyzy has-da buýsandyrýar we beýik işlere ruhlandyrýar. Tamamlanan 2018-nji ýylda ak mermere beslenen paýtagtymyzda geçirilen halkara sport ýaryşlary Watanymyzyň abraýyny has-da arşa galdyrdy. Eziz Diýarymyzda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda döwletleriň, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda dünýä ýurtlaryna nusgalyk işler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: “Garaşsyz ýurdumyza buýsanjymyzdan, aýdyň maksatlarymyzdan ugur alyp, biz 2019-njy ýyla “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýip at berdik. Täze ýylda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda merdana halkymyzyň watansöýüjiligi we yhlasly zähmeti biziň güýç-kuwwatymyzy has-da artdyrar. Eziz Watanymyzy mundan beýläk-de rowaçlyklara beslär” – diýip, belleýşi ýaly geljek ýyl täze başlangyçlara, belent ösüşlere badalga bolup, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy rowaçlyklaryň, üstünlikleriň Watanyna öwürer.
Mälim bolşy ýaly, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Mizan” işewürlik merkezinde baýramçylyk mynasybetli dabara geçirildi. Geçirilen dabaranyň dowamynda öz joşgunly çykyşlaryny eziz Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýeten sepgitlerine bagyşlan sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp öwüşginli Täze ýyl tomaşalary ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň sözlerine we milli Liderimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Arzuw” diýen täze aýdymyň ýerine ýetirilmegi bolsa, ýygnananlarda aýratyn ýokary ruhubelentlik döretdi. Häzirki zaman äheňlerinde döredilen bu aýdym üç dilde – türkmen, iňlis we nemes dillerinde ýerine ýetirildi hem-de ýakymly heňi, kalplary tolgundyrýan sözleri bilen ähli diňleýjilerde unudylmajak täsir galdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň tutuş halkymyza Täze ýyl arzuwyny ajaýyp aýdym bilen ýetirmegi buýsanjymyzy goşalandyrdy, baýramçylyk ruhuna öwüşgin çaýdy.
Aýgözel Naipowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.