Beýik Britaniýa iň çalt hereket edýän elektrouçary öndürmäge girişdi. “Rolls-Royce” we beýleki kompaniýalaryň hünärmenleri sagatda tizligi 480 kilometre ýetýän elektrouçary öndürmek üçin täze taslamanyň üstünde işläp başladylar. Bu taslama Beýik Britaniýanyň hökümetiniň maliýeleşdirýän ACCEL başlangyjynyň çäklerinde amala aşyrylar. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, uçarda akkumulýator batareýasy ulanylar. Ol 750 kilowata çenli elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply bolup, uçaryň hereketlendirijilerini zerur bolan tok bilen üpjün eder. Bu uçaryň ilkinji uçuşy 2020-nji ýylda amala aşyrylar. Bir gezek zarýady bilen London-Pariž arasynda gatnawyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. 2016-njy ýylda “Solar Impulse 2” atly elektrouçary synag uçuşyny amala aşyrypdy.
Kakajan HALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.