Dünýäde 6 müňden gowrak diliň bardygy aýdylýar. Olaryň 2 müňe golaýynda bary-ýogy müňden hem az adam gepleşýär. Dünýä ilatynyň bolsa, ýarysy 15 dilde gürleşýär. Golaýda Bütindünýä Ykdysady Forumynyň (World Economic Forum) taýýarlan hasabatynda dünýä dilleri barada giňişleýin maglumat berildi. Onda dünýäde iň täsirli diliň iňlis dilidigi aýdylýar. Ilkinji onlukdaky 6 dil Ýewropa ýurtlaryna degişli. Ylmy barlagda dilleriň geografiýa, ykdysadyýete goşulma mümkinçiligi, özara gepleşikde ulanylyşy, maglumat we mediada hem-de halkara gatnaşyklarda ulanylyşy göz öňünde tutuldy. Maglumat taýýarlananda, diliň şol dilde gepleýäne döredýän ýeňilligi, milli häsiýetleri we taryhy ýaly aýratynlyklaryna baha berilmedi. Sanawyň ikinji basgançagyny Hytaýyň ilatynyň uly böleginiň ene dili bolan mandarin dili eýeleýär. Hytaýda gepleşilýän beýleki şiweler göz öňünde tutulanda hem bu diliň sanawdaky ornunyň üýtgemeýändigi bellenilýär. Üçünji ýerde fransuz dili bolup, ispan, arap, rus, nemes, ýapon, portugal we hindi dilleri degişlilikde ilkinji onlugy düzýär.
Orazdursun GELDIÝEWA,
Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy.