Hy­ta­ýyň “Chang’e-4” kos­mos gä­mi­si Aýyň Ýer­den gö­rün­me­ýän ta­ra­py­na go­nup, ol ýer­den il­kin­ji su­rat­la­ry iber­di. Hä­zi­re çen­li Ýe­riň hem­ra­sy­nyň ga­raň­ky ta­ra­py­na hiç hi­li kos­mos gä­mi­si uçu­ryl­man­dy. Aýyň pla­ne­ta­my­zyň da­şyn­dan aý­lan­ýan tiz­li­gi bi­len, öz oku­nyň da­şyn­dan aý­lan­ýan tiz­li­gi deň bo­lan­soň, onuň bi­ze di­ňe bir ta­ra­py gö­rün­ýär. As­man ji­si­mi­niň beý­le­ki ta­ra­py­nyň su­ra­ty uzak­dan al­nan hem bol­sa, häzire çenlioňa go­nan hiç hi­li en­jam bol­man­dy. Ge­çen aýyň 7-si­ne “Long March 3B” ra­ke­ta­sy bi­len uçu­ry­lan kos­mos gä­mi­si bir hep­de­den soň­ra, Aýyň or­bi­ta­sy­na gi­rip­di. Kos­mos gä­mi­si 3-nji ýan­war­da bel­le­nen no­ka­da sag-aman gon­ma­gy ba­şar­dy.
“Chang’e-4” ol ýer­de ast­ro­no­mik bar­lag­la­ry ge­çir­mek, ol ýe­riň top­ra­gy­nyň gur­lu­şyny we mi­ne­ral dü­zü­mi­ni öw­ren­mek üçin peý­da­la­ny­lar. Soň­ky ýyl­lar­da kos­mo­sy öw­ren­mek­de has köp ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­ýän ýurt gel­jek ýy­lyň do­wa­myn­da he­mi­şe­lik kos­mo­nawt bol­jak kos­mos be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­na baş­la­ma­gy mak­sat edin­ýär.

Ogultäç Öweçowa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.