2018 – 2019-njy oba hojalyk ýylynda Russiýa Federasiýasynyň bugdaý eksporty ýokarlandy. Geçen ýylyň iýul aýyndan dekabr aýyna çenli 28,2 million tonna bugdaý daşary ýurt alyjylaryna ugradyldy. Bu ugurdaky görkeziji 5,1 göterim artdy.
Ýurduň Oba hojalygy ministrliginiň habar bermegine görä, degişli döwürde diňe bugdaý eksporty artyp, beýleki oba hojalyk ekinleri bolan arpanyň hem-de mekgejöweniň eksporty birneme pese düşdi. Ministrligiň çaklamasyna görä, şu ýylyň iýun aýynda tamamlanjak oba hojalyk ýylyna çenli bugdaýyň eksportunyň 42 million tonna ýetjekdigi aýdyldy. Ýanwar-iýun aýlary aralygynda 14 million tonna bugdaýyň daşary ýurt bazaryna iberilmegine garaşylýar. Russiýanyň Statistika edarasynyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda Russiýada 112,0 million tonna däneli ekinleriň hasyly ýygnaldy.
Şeýle hem 2018-nji ýylda ykdysadyýetiniň esasy bölegi oba hojalygyndan düzülen Peru döwletiniň oba hojalyk önümleriniň eksporty 7 milliard dollara barabar boldy. Ýurduň Oba hojalygy we suwaryş ministrliginiň maglumatyna görä, umumy eksportuň 44 göterimini awokado, üzüm, gowrulmadyk kofe, sparja we çernika düzdi. Statistika maglumatlaryna görä, geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlary aralygynda 724 million dollar möçberinde awokado, 718 million dollar möçberinde üzüm eksport edildi.
Aknur WELSAPAROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.