Kipr Res­pub­li­ka­syn­da il­kin­ji ge­zek sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça ýö­ri­te mi­nistr­lik dö­re­dil­di. Ýer­li myh­man­ha­na zyn­jy­ry­nyň ozal­ky baş­ly­gy Saw­was Per­di­os oňa ýolbaşçy bel­len­di. Oňa ada ýur­du­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň iň uly pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da tä­ze stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­mek tab­şy­ryl­dy.
Mun­dan ozal ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na Kipr sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy gö­zeg­çi­lik ed­ýär­di. Soň­ky 50 ýy­lyň do­wa­myn­da bu pu­da­ga gö­zeg­çi­lik eden gu­ra­ma ýa­ty­ryl­dy. Onuň ýe­ri­ne mi­nistr­lik dö­re­dil­di. Kipr Res­pub­li­ka­sy­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy uly ösüş­le­ri baş­dan ge­çir­ýär. Kipr myh­man­ha­na bi­le­le­şi­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, soň­ky 4 ýy­lyň do­wa­myn­da myh­man­ha­na­lar­dan gel­ýän gir­de­ji­niň möç­be­ri her ýyl ýo­kar­lan­ýar. 2018-nji ýyl­da myh­man­ha­na­lar 2,68 mil­liard ýew­ro gir­de­ji ga­zan­dy.
Ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň 22,3 gö­te­ri­mi sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň pa­ýy­na düş­ýär. 2028-nji ýy­la çen­li bu gör­ke­zi­ji­ni 29 gö­te­ri­me ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Aman­gül Aman­ýa­zo­wa,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we
do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.