Çem­pio­na­ta iň köp fut­bol­çy ug­ra­dan klublar ýur­du­my­zyň çem­pio­ny, AFK Ku­bo­gy­nyň fi­nal­çy­sy “Al­tyn asyr” bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň “Dor­doý Biş­kek” to­par­la­ry­dyr. Iki to­pa­ryň-da 11 fut­bol­çy­sy 17-nji Azi­ýa Ku­bo­gyn­da çy­kyş eder. 10 fut­bol­çy ug­ra­dan Ka­ta­ryň “Al-Sadd” to­par­la­ry 2-nji ha­tar­da bar­ýar. Fi­lip­pin­le­riň “Se­res-Neg­ros” to­pa­ryn­dan 9 fut­bol­çy sa­na­wa ça­gy­ry­lyp­dyr. Ior­da­ni­ýa­nyň “Al-Faý­sa­ly” klu­bu­nyň-da 8 fut­bol­çy­sy çem­pio­nat­da çy­kyş eder. Ýur­du­my­zyň wi­se-çem­pio­ny “Ahal­dan”, şeý­le-de “Al-Rif­fa­dan” (Bah­reýn), “Ahed­den” (Li­wan), “Al-Hi­lal­dan” (S. Ara­bys­ta­ny), “Bu­ri­ram Ýu­naý­ted­den” (Tai­land), “Al-Ain­den” (BAE), “Ha Noi­den” (Wýet­nam) 7 fut­bol­çy­ny tä­lim­çi­ler ýy­gyn­dy­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne goş­dy.
Umu­my­lyk­da al­nan­da, AFC-dan 466 (Azi­ýa), UEFA-dan 72 (Ýew­ro­pa), CAF-dan 4 (Af­ri­ka), CON­ME­BOL-dan 3 (G. Ame­ri­ka) hem-de CONCACAF-dan 1 (D. Ame­ri­ka) fut­bol­çy bar. Iň köp Ka­tar döw­le­ti­niň klub­la­ryn­dan fut­bol­çy ça­gy­ry­lyp­dyr. Ýag­ny Ka­tar klub­la­ryn­da oý­na­ýan 47 fut­bol­çy Azi­ýa Ku­bo­gyn­da çy­kyş eder. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň klub­la­ryn­dan 31, Tai­land­dyr BAE-niň to­par­la­ryn­dan 27, Hy­taýyň klub­la­ryn­dan hem 26 fut­bol­çy sa­na­wa alyn­dy.