Futbol boýunça XV Ýewropa çempionatyna gatnaşýan oýunçylaryň arasynda onlarça ýyldyz oýunçy bar. Ýöne şonçaragy-da bu ýaryşa dürli sebäpden öýünde tomaşa etmeli bolarlar. Olaryň käbiriniň ýygyndysy Fransiýa ýollanma alyp bilmedi, käbirlerini-de tälimçileri almady. Şol sanda şikesi sebäpli gatnaşyp bilmeýänleriň-de sany az däl.
Ilki bilen, ýollanma alyp bilmedik toparlara seretsek, şübhesiz, ilki bilen Gollandiýanyň ýygyndysy ýadyňa düşýär. Wesli Sneider, Robin Wan Persi, Arýen Robben, Klass-Ýan Huntelaar, Memfis Depaý ýaly ýyldyzlar Ýewropa çempionatyna öýlerinde ýa-da dynç alşa giden ýerinde tomaşa etmeli bolarlar. Şeýle-de Daniýadan Kristen Eriksen, Lasse Şöne, Daniel Agger, Niklas Bendtner, Gresiýadan Kostas Mitroglu, Hoze Holebas, Sokratis, Serbiýadan Nemanýa Matiç, Adem Lýaýiç, Aleksandr Kolarow, Branislaw Iwanowiç ýaly oýunçylar milli ýygyndylarynyň petek alyp bilmändigi üçin Fransiýadaky ýaryşa gatnaşmazlar.
Şikesi sebäpli öz ýygyndylarynyň düzümine alynmadyk oýunçylaryň sany-da az däl. Ýer eýesi Fransiýada Rafael Waran, Žerem Matýö, Lassana Diarra, Matýu Debuşi, Russiýadan Alan Dzagoýew, Igor Denisow, Italiýadan Rikkardo Montoliwo, Marko Weratti, Klaudio Markisio, Belgiýadan esasy kapitan Wensen Kompani, Dedrik Boýata, Nikolas Lamberts, Germaniýadan Ilkaý Gündogan, Antonio Rudiger, Angliýadan Aleks Oksleýd-Çemberleýn, Fabian Delf, Danni Welbek, Türkiýeden Serdar Aziz ýaly oýunçylar şikesli bolany sebäpli ýygynda alynmady. Aslynda, olaryň käbiri çagyrylypdy. Ýöne türgenleşiklerde alan şikesleri olaryň bu futbol baýramçylygyna gatnaşmagyna mümkinçilik bermedi.
BENZEMA 24, LAKAZETT 21,
BEN ARFA 17 GOL GEÇIRDI
Fransiýanyň tälimçisi Didie Deşam Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Real madridli” Karim Benzema, şol sanda Aleksandr Lakazett, Hatem Ben Arfa ýaly möwsümi üstünlikli geçiren oýunçylary ýygynda almandygy üçin käbir bilermenler tarapyndan az-owlak ýazgaryldy. Aýratynam Benzema bilen “Nissa” toparynda 20-ä golaý gol geçiren Hatem Ben Arfanyň sanawa goşulmazlygyndan soň dürli gürrüňler hem ýüze çykdy. Didie Deşam başga-başga sebäplerden Matiu Walbuena we Mamadu Sakhony hem ýygynda goşmady.
Angliýadan Fil Jagielka, Fil Jons, Lýuk Şaw, Maýkl Kerrik, Teo Walkott ýaly ozal ençeme sapar milli ýygyndynyň köýnekçesini geýen futbolçylaryň Fransiýa çagyrylmandygy bellärliklidir. Olaryň käbiri şikesden ýaňy halas bolany üçin, käbiri-de tälimçiniň taktikasyna gabat gelmeýändigi üçin ýygynda alynmady.
Çempionatdan soň “Çelsiniň” tälimçiligine başlajak Antonio Konte goragçylardan Astori, Ranokkia, Krişito, ýarymgoragçylardan şowly möwsüm geçiren Bonawentura, Jorjinio, 37 ýaşly ýyldyz Andrea Pirlo, hüjümçilerden Sebastian Jiowinkony Fransiýa çagyrmady.
Saýlama tapgyrynda erjel oýun görkezip, ahyrky pursatda Fransiýa petek alan Türkiýäniň tälimçi Fatih Terim Gökhan Töre (2 oýunlyk jerimesi bar), Ersan Gülüm, Mehmet Ekiji, Alper Potuk, Mewlüt Erdinç, Umut Bulut ýaly öň oýnadan oýunçylaryny sanawa goşmady.
Belgiýanyň tälimçisi Mark Wilmots Naser Çadli, milli toparda ençeme gezek oýnan Stiwen Defur, Kewin Mirallas, Adnan Ýanuzaý dagyny esasy düzüme almady.
TORRES SOŇKY 2 FINALDA-DA
TAPAWUTLANYPDY
Ispaniýany ilki Dünýäniň, soňra Ýewropanyň çempiony eden Wisente Del Boske Fransiýa ýaşrak oýunçylar bilen gelenini kem görmedi. “Atletiko” bilen täzeden özüni dürsän Fernando Torresi ýygynda almady. Ýogsam, Fernando Torres 2008-nji ýylyň finalynda Ispaniýa çempionlyk gazandyran ýeke-täk pökgini, şeýle-de 2012-nji ýylyň finalynda 4 topuň birini geçirip, biriniň-de pasyny beren oýunçydy. Garaz, Del Boske soňky 2 finalyň ýyldyzyny ýygyndynyň daşynda goýdy. Galyberse-de, şikesden ýaňy gutulan Diego Kostany, Santi Kasorlany, saýlama oýunlarynda yzygiderli oýnadan hüjümçisi Pako Alkaseri, “Realyň” oýunçylary Iskodyr Dani Karwahaly, möwsümi diýseň şowly tamamlan Saul Niguesi, “bawariýaly” Hawi Martinesi, “Ýunaýtedden” Huan Matany, “sitili” Hesus Nawasy Fransiýa çagyrmady.
ROÝS BU GEZEK HEM ÝOK
Dünýä Kubogynyň soňky eýesi Germaniýanyň ýygyndysy bu çempionlygy Marko Roýssuz alypdy we tälimçi Ýoahim Löw ony Fransiýa hem alyp gitmedi. Geçen möwsümde 23 gol geçiren Marko Roýs aslynda, 2014-nji ýylda esasy düzümde bardy, ýöne şikesi sebäpli öýüne dolanmaly bolupdy. Bu gezek Löwüň Marko Roýsy näme sebäpden almandygy doly bilnenok. Löw saýlama oýunlarynda şowly çykyş eden “baýerli” Karim Bellarabini hem düzüme goşmady.