Günsa­ýyn se­na­gat­laş­ýan sport äle­mi­niň eko­no­mi­ka­sy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Sport äle­min­de tür­gen­le­riň ga­zan­ýan pul muk­dar­la­ry ýylsa­ýyn art­ýar we tä­ze-tä­ze mil­li­ar­der­ler ýü­ze çyk­ýar. Dün­ýä bel­li “For­bes” žur­na­ly­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ge­çen 2018-nji ýy­lyň iň köp pul ga­za­nan tür­ge­ni ame­ri­ka­ly boks­çy Floýd Meý­we­zer bo­lup, ol 285 mil­li­on dol­lar ga­zan­dy. 2–3-nji orun­la­ry fut­bo­lyň iki su­per ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­si bi­len Kris­tia­no Ro­nal­do eýe­le­di. Ar­gen­ti­na­ly oýun­çy 111, mun­dan öň­ki 2 ýy­lyň bi­rin­ji­si, por­tu­ga­li­ýa­ly fut­bol­çy Ro­nal­do 108 mil­li­on dol­lar ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Sö­weş sun­gat­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy­la­ryn­dan ir­lan­di­ýa­ly Ko­nor MakG­re­gor hem 99 mil­li­on dol­lar bi­len 4-nji or­na my­na­syp bol­dy. 90 mil­li­on dol­lar bi­len bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy Neý­ma­ryň 5-nji bo­lan sa­na­wyn­da 85,5 mil­li­on dol­lar ga­zanç eden ame­ri­ka­ly bas­ket­bol­çy LeB­ron Jeýms 6-njy ýe­ri eýe­le­di. 77,2 mil­li­on dol­lar­lyk ga­zan­jy bi­len şweý­sa­ri­ýa­ly ten­nis­çi Ro­jer Fe­de­rer 7-nji, ame­ri­ka­ly bas­ket­bol­çy Ste­fan Kör­ri 8-nji (76,9 mil­li­on $) bo­lup sa­na­wa go­şul­dy. Ame­ri­kan fut­bo­ly spor­tu­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri – Mett Ra­ýan (67,3 mil­li­on. $) bi­len Mett­ýuw Staf­ford (59,5 mil­li­on $) il­kin­ji 10-ly­gy jem­le­ýän tür­gen­ler bol­dy.

40-sy bas­ket­bol­çy
Ge­çen ýy­lyň iň köp gir­de­ji ga­za­nan tür­gen­le­ri sa­na­wyn­da­ky il­kin­ji 100 tür­ge­niň 40-sy­nyň Ame­ri­ka­nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy NBA-nyň ýyl­dyz­la­ry­dygy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Sa­naw­da ame­ri­kan fut­bo­ly spor­tu­nyň oýun­çy­la­ryn­dan hem 18-si­niň ady­na duş ge­lin­ýär. Şeý­le-de 14 beýs­bol­çy, 9 fut­bol­çy sa­na­wa gi­rip­dir. Il­kin­ji 100-lik­de ten­nis­çi­dir boks­çula­ryň 4-si, aw­to­mo­bil sport­la­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri­niň 3-si, ýe­ňil at­le­ti­ka­dan, sö­weş sun­gat­la­ryn­dan we kri­ket sport­la­ryn­dan 1 tür­gen bar.

6-njy mil­li­ar­der tür­gen
Ga­ly­ber­se-de, ge­çen ýyl­ky ga­zan­jyn­dan soň, Floýd Meý­we­ze­riň umu­my­lyk­da­ky gir­de­ji­si 1 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Şu wag­ta çen­li ýe­ke tut­lu­şy­gyn­da-da ýe­ňlip gör­me­dik boks­çy Floýd Meý­we­zer bas­ket­bol­çy Maýkl Jor­dan, golf­çu­lar Taý­ger Wuds, Ar­nold Pal­mer, Jek Nik­la­us (hem­me­si-de ame­ri­ka­ly) hem-de F1 sü­rü­ji­si Mi­ha­el Şu­ma­her­den (Ger­ma­ni­ýa) soň, gir­de­ji­si­ni 1 mil­liard dol­lar­dan ge­çi­ren 6-njy tür­gen bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä bel­li bas­ket­bol­çy, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Jor­dan 1,85 mil­liard dol­lar­lyk ga­zan­jy bi­len äh­li za­ma­na­la­ryň iň köp köp pul ga­za­nan tür­ge­ni­dir. 15 ýyl­lyk kar­ýe­ra­syn­da 6 ge­zek NBA-nyň çem­pio­ny bo­lan Jor­dan kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 93 mil­li­on dol­lar ga­zan­dy. Onuň gir­de­ji­si­niň hem­me­si di­ýen ýa­ly söw­da we ma­ha­bat­lar­dan­ geldi.