Gurbanguly Berdimuhamedow
Rowaçlygy buşlap gelen
Ýyllaryň salamy Rowaç!
Göwünleri hoşlap gelen
Ýollaryň kemaly Rowaç!
Pederleň tagzym-togaby,
Geçmişiň ertä dowamy,
Kişňeýşiň – arşyň owazy,
Kalbymyň senasy, Rowaç!
Säher öwsen ýeller deýin,
Ýaz açylan güller deýin,
Joş uran köňüller deýin,
Sen ylham derýasy, Rowaç!
Ýyldyz syçradyp toýnagyň,
Beze sen türkmen toýlaryn.
Menzile ýetir arzuwym,
Bagtymyň seýrany Rowaç!
Nury-şuglasyň Güneşden,
Zyýatsyň altyn-kümüşden.
Serpaýyň ýetsin ýeňişden,
Döwrümiň döwrany Rowaç!
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp, şol ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy. Habar berlişi ýaly, ýakynda milli Liderimiz IIM-niň ýanyndaky Hojalyk müdirliginiň desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, bu ýerde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna 2019-njy ýylyň ilkinji gününde doglan altyn öwüşginli taýçanak sowgat berildi.
Ahalteke bedewleriniň naýbaşy tohumlarynyň neslinden gaýdýan täze taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslary üçin hemişe şatlykly wakadyr, bu bolsa yzygiderli ýagdaýda bolup geçýär. Bu gezekki waka aýratyn alamata eýedir, ol “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygary bilen geçýän täze ýylyň ilkinji gününde boldy.
Munuň özi giň gerimli we möhüm işleriň rowaçlyga beslenjekdiginiň ýene bir ýakymly nyşanydyr. Şundan ugur alyp hem döwlet Baştutanymyz bu taýçanagy Rowaç diýip atlandyrdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde, behişdi bedewleriň öçmejek şan-şöhratynyň has-da belende göterilýändigini, olaryň gözelliginiň has-da kämil derejä çykarylýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris, muňa ýurdumyzyň köp sanly daşary ýurtly myhmanlary hem öz gözleri bilen görüp haýran galýarlar.
Türkmen halky şahyrlar, suratkeşler tarapyndan wasp edilen ahalteke bedewlerine bagyşlanan nakyllaryň we parasatly jümleleriň, pähimleriň hem-de matallaryň köp sanlysyny döretdi hem-de biziň günlerimize çenli olary saklap galdy. Bedewiň keşbi şeýle hem häzirki zaman edebi eserleriniň, kinofilmleriniň esasyny düzýär. Ahalteke bedewleri barada köp sanly ylmy işler ýazyldy, olarda alymlar tarapyndan bu tohumyň dünýä atşynaslygy üçin ähmiýeti açylyp görkezilýär.
Olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň kitaplary aýratyn orun eýeleýär, bu eserleriň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan ahalteke bedewlerine sarpa goýýanlaryň köp sanlysy milletimiziň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hem-de umumadamzat siwilizasiýasynda aýratyn orny eýeleýän bu bedewler barada giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
…Hormatly Prezidentimiz özüniň täze şahyrana setirlerini täze ýylyň uly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenjekdigini alamatlandyrýan Rowaç atly taýçanaga bagyşlady. Milli Liderimiz öz goşgusynda bellenilen belent maksatlara ýetiljekdigine, eziz halkymyzyň, Watanymyzyň bagtyýar geljegi baradaky nurana arzuw-umytlaryň hasyl boljakdygyna berk ynamyny beýan edip, ajaýyp, gujurly hem-de ýüwrük bedewiň keşbini şahyrana setirler bilen sazlaşdyrdy, kiçijik Rowaç taýçanagy hem tiz wagtdan ajaýyp bedewe öwrüler, häzirlikçe bolsa ol aýratyn üns we alada bilen gurşalandyr.
Döwlet Baştutanymyz her bir möhüm, giň gerimli we zerur bolan işiň başyny başlamak bilen, çäksiz zähmetsöýerligiň we maksada okgunlylygyň şahsy göreldesini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz jemgyýet köpçüligine täze döwrüň aýdyň, oýlanyşykly taglymatyny hödürlemek bilen, halkymyzy jebisleşdirdi hem-de asylly maksatlaryň bähbidine belent sepgitlere ýetmäge iterdi, döwletliligiň hakyky sütünine – milletiň Arkadagyna öwrüldi.
Biziň ählimiz döwlet Baştutanymyzyň örän seýrek peýda bolýan boş wagtyny Watanymyz we eziz halkymyz baradaky oýlanmalara bagyşlaýandygyny bilýäris. Milli Liderimiz ussat çapyksuwar hökmünde, behişdi bedewlere belent sarpa goýmak bilen, boş wagtyny, köplenç, bedewler bilen didarlaşmaga bagyşlaýar. Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine uly sarpa goýmak bilen, atlaryň bu tohumyny wagyz edijidir hem-de milli atşynaslygyň ösdürilmegine hemişe goldaw berýär. Türkmenistanda atçylyk sporty döwletiň hemişe üns merkezinde hem-de ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, atly sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýän milli Liderimiziň hemişe goldawyna eýedir.
Ahalteke bedewi täze eýýamyň – işjeň döredijilik ylhamynyň, ruhy galkynyş döwrüniň aýdyň alamaty bolmak bilen, 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygarynyň baş maksadyny beýan edýär.
Munuň özi ýetilen sepgit bilen hiç haçan çäklenmeli däldigini, ösmelidigini we diňe öňe gitmelidigini, ata Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň ýolunda täze mümkinçilikleri we giňişlikleri açmalydygyny aňladýar. Dünýä siwilizasiýasyna deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewleri peşgeş beren türkmen halky bu ýolda belent sepgitleri nazarlaýar.