Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ýo­la goý­mak ba­bat­da alyp bar­ýan döw­let mak­sat­na­ma­sy uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ýur­du­my­za ge­ti­ril­ýän da­şa­ry ýurt önüm­le­ri­niň möç­be­ri aza­lyp, ýer­li önüm­le­riň eks­por­ty bol­sa, yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Bu ugur­da­ky ga­za­nyl­ýan oňyn ne­ti­je­le­re Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si hem öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar.

Başlangyjy 1-nji sahypada.
“Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän tä­ze ýy­lyň il­kin­ji aýyn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ren des­ga­la­ryň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da ber­kit­mä­ge giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Şeý­le hem ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da gur­lup, ulan­ma­ga ber­len iri se­na­gat des­ga­la­ry şu ýyl­da ga­za­nyl­jak üs­tün­lik­le­re hem sal­dam­ly go­şant goş­ýar.
Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­dä­ki Gy­ýan­ly po­li­mer za­wo­dy Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­de gur­lan po­lie­ti­len pa­ket we po­lip­ro­pi­len tur­ba önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän önüm­çi­lik kär­ha­na­sy­nyň esa­sy çig mal bin­ýa­dy bol­dy. Tä­ze önüm­çi­lik kär­ha­na­sy dür­li po­lie­ti­len ör­tü­gi­niň 1800 ton­na­sy­ny hem-de dia­met­ri 20-60 mil­li­metr bo­lan ýo­ka­ry hil­li po­lip­ro­pi­len suw ge­çi­ri­ji tur­ba­la­ryň 257 ton­na­sy­ny çy­kar­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Önüm­le­riň bu gör­nüş­le­ri­ne bo­lan is­leg dün­ýä­de yzy­gi­der­li art­ýar. Gel­jek­de kär­ha­na­nyň önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­la­ra ug­rat­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da-da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­ňa täze gurlup, ulanmaga berlen Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry et­ra­byn­da gök we bak­ja önüm­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän ýy­la­dyş­ha­na hem do­ly su­but­na­ma­dyr.
Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­niň hem-de oba­la­ry­nyň ila­ty­ny gök we bak­ja önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mä­ge ukyp­ly ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň gur­lu­şy­gy giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Tä­ze gur­lan ýy­la­dyş­ha­na 8 gek­ta­ra deň bo­lup, sarp edi­ji­le­re her ýyl­da ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­riň 500 ton­na­sy­ny ug­rat­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Ýy­la­dyş­ha­na­da ýo­ka­ry ýy­ly­lyk sak­laý­jy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na hem-de uzak möh­let­le­ýin ula­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan se­riş­de­ler ula­nyl­dy.
Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ýo­kum­ly önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän öz­gert­me­le­ri­niň baş dur­muş we­zi­pe­si­dir hem-de ol oba­se­na­gat top­lu­my­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Döw­le­ti­miz bu pu­da­gy gol­da­mak mak­sa­dy bi­len, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni çalt­lan­dyr­mak, eke­ran­çy­ly­gyň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, gök önüm­le­riň art­ýan bö­le­gi­ni da­şa­ry ýurt­la­ra ug­rat­mak üçin şert­le­ri dö­red­ýär. Ge­çen ýy­lyň ahyr­ky aýyn­da-da ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de tä­ze mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry hem-de gök we bak­ja önüm­le­ri­ni sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen am­mar­lar gu­rul­dy.

Nur­my­rat ZÜL­PI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň ser­het ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.