Düýn köp­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şan fut­bol bo­ýun­ça XV Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na ba­dal­ga be­ril­di. Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­ýän çem­pio­na­tyň 51 du­şu­şy­gy ýur­duň 10 şä­he­rin­dä­ki 10 sta­di­on­da oý­na­lar. Bir aý­lap do­wam et­jek fut­bol baý­ram­çy­ly­gy­nyň fi­na­ly 10-njy iýul­da “Stad de Frans” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­ler.
Fran­si­ýa–Ru­my­ni­ýa du­şu­şy­gy bi­len bat alan çem­pio­nat­da şu gün hem 3 oýun oý­na­lar. 18:00-da Al­ba­ni­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa du­şu­şar. Is­pa­ni­ýa­dan Kar­bal­ýo­nyň jür­le­wük çal­jak du­şu­şy­gy­nyň öz­bo­luş­ly äh­mi­ýe­ti bar.

Ýag­ny Şweý­sa­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da as­ly al­ba­ni­ýa­ly bo­lan fut­bol­çy­nyň köp bol­ma­gy bel­le­mä­ge my­na­syp­dyr. 21:00-da çem­pio­na­tyň 2 deb­ýu­tan­ty Uels bi­len Slo­wa­ki­ýa öza­ra güýç sy­na­ny­şar. Oý­na nor­we­gi­ýa­ly Swein Odd­war Mo­en emin­lik eder. Gi­je sa­gat 00:00-da baş­lan­jak oýun­da bol­sa, Ang­li­ýa bi­len Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şu­şar. Du­şu­şyk­da ita­li­ýa­ly meş­hur emin Ni­ko­la Riz­zo­li jür­le­wük ça­lar.
Er­tir­ki du­şu­şyk­lar ba­ra­da aý­dy­lan­da, 18:00-da baş­la­jak du­şu­şyk­da Tür­ki­ýe bi­len Hor­wa­ti­ýa du­şu­şar. Oý­nuň emi­ni şwe­si­ýa­ly Ýo­nas Eriks­son bo­lar. 21:00-da­ky oýun-da Pol­şa bi­len De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa güýç sy­na­ny­şar. Ru­my­ni­ýa­ly Owi­diu­nyň jür­le­wük çal­jak oý­nun­da Pol­şa esa­sy fa­wo­rit ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem er­tir ýa­ry­gi­je­dä­ki (00:00) oýun Ger­ma­ni­ýa bi­len Uk­rai­na­nyň ara­syn­da bo­lup, oňa ang­li­ýa­ly Mar­tin At­kin­son emin­lik eder.

2 OÝUN­ÇY ÇAL­ŞY­RYL­DY
Çem­pio­na­tyň baş­la­ma­gy­na 10 gün ga­lan­da, mä­lim edi­len ýy­gyn­dy­la­ryň dü­zü­min­de şi­ke­si se­bäp­li çal­şy­ry­lan oýun­çy­lar bol­dy. Rus­si­ýa­nyň mil­li to­pa­ryn­da Igor De­ni­so­wyň (“Di­na­mo Mosk­wa”) or­nu­na tä­lim­çi Leo­nid Slus­kiý “Ze­ni­tiň” ýa­rym­go­rag­çy­sy Ar­tur Ýu­su­po­wy ça­gyr­dy. Şeý­le-de Ger­ma­ni­ýa­da hem mej­bu­ry oýun­çy çal­şy­gy­ny et­me­li bol­dy. “Ro­ma” klu­bun­da oý­na­ýan go­rag­çy­sy An­to­nio Ru­di­ger şi­ke­si se­bäp­li Fran­si­ýa­dan gaýt­ma­ly bo­lup, Löw onuň or­nu­na “Ba­ýe­riň” 20 ýaş­ly go­rag­çy­sy Jo­na­tan Ta­hy dü­zü­me goş­dy.