Germaniýanyň Frankfurt şäherinde “Hiemtextil-2019” halkara sergisi geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu däbe öwrülen ykdysady gözden geçirilişde dokma önümleri görkezilýär. Oňa dünýäniň ençeme ýurdundan dünýä belli kompaniýalar we dokma önümlerini öndürijiler gatnaşýar.
Şeýle iri sergide dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän Türkmenistanyň dokma önümleri hem köpçülige hödürlendi. Sergide ABŞ, Kanada, Hytaý, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Pakistan, Hindistan ýaly 65 döwletden gelen kompaniýalaryň gatnaşmagynda 3025 diwarlyk taýýarlandy. Bu sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat dokma toplumynyň önümleriniň diwarlygy hem köp sanly myhmanlary özünde jemledi. Arassa türkmen pagtasyndan taýýarlanan hem-de ýokary bezeg işleri geçirilen taýýar önümler uly gyzyklanma döretdi. Bu sergini görmäge dünýäniň 135 ýurdundan 70 müňden gowrak adam geldi.
8-11-nji ýanwar aralygynda 4 gün dowam eden halkara sergisiniň çäklerinde işewürlik duşuşyklary hem geçirildi. Bu ýerde pudagyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dokma toplumyndaky innowasion özgertmeler barada gyzykly çykyşlar edildi. “Heimtextil Frankfurt” halkara dokma önümleri sergisi 1971-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şu ýyl 48-nji gezek geçirilen sergi Ýewropanyň öňdebaryjy sergileriniň biridir.
Gunça HYDYROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.