Ger­ma­ni­ýa­nyň “BMW Group” aw­to­kon­ser­ni 2018-nji ýyl bo­ýun­ça ulag sa­tu­wyn­da re­kord de­re­jä ýet­di. Ol ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da 2,49 mil­li­on ulag sa­typ­dy. Bu ugur­da­ky gör­ke­zi­ji 2017-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 1,1 gö­te­rim köp­dür. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Ha­rald Kru­ger soň­ky 15 ýyl­dan bä­ri aw­tou­lag ba­za­ryn­da “pre­mi­um” synp­ly ulag­la­ryň ha­ta­ryn­da öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa bo­lup dur­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Kom­pa­ni­ýa 2017-nji ýyl­da 2,463 mil­li­on ulag sa­typ­dy.
Bu kom­pa­ni­ýa BMW, “Mi­ni” we “Rolls-Royce Mo­tor Cars” ky­sym­ly ulag­la­ry, mo­to­sikl­le­ri hem-de he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri ön­dür­ýär. Ger­ma­ni­ýa­nyň Mýun­hen şä­he­rin­de eda­ra bi­na­sy ýer­leş­ýän kom­pa­ni­ýa­da 130 müňden gow­rak adam iş­le­ýär. Şeý­le hem Ger­ma­ni­ýa­nyň beý­le­ki iri aw­to­kon­ser­ni “Da­im­ler” kom­pa­ni­ýa­sy öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan ýük ulag­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi üçin 500 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu şe­re­ket 2025-nji ýy­la çen­li öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan ýük ulag­la­ry­ny ba­za­ra çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.