Moto GP boýunça möwsümiň 7-nji ýaryşy bolan Katalunýa “Gran Prisinde” lukman lakamly Walentino Rossi ýeňiji boldy. “Mowistar Ýamahanyň” italýan piloty 4,7 kilometrlik trassada 25 aýlawy ilkinji bolup tamamlap, şu ýylky 2-nji ýeňşini gazandy. 5-nji hatardan bat alan Rossi 7-nji aýlawda 1-njilige geçdi. Soňky aýlawlarda 2-nji orna düşen Rossi 3 aýlaw galanda, täzeden öňe saýlandy we şu möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandy. Onuň görkezen netijesi 44 minut 37,589 sekunda deň boldy. Bu onuň karýerasyndaky 88-nji ýeňşidir. Liderden 2,6 sekunt yza galan “Repsol Hondanyň” ispan sürüjisi Mark Markes 2-nji, onuň topardaşy hem watandaşy Dani Pedrosa 3-nji ýeri eýeledi. Bu ýaryşa çenli umumy sanawyň lideri bolan Horge Lorenzo 16-njy aýlawda italiýaly Andrea Iannonäniň päsgel bermeginden soň, ýaryşdan çykmaly boldy.
Katalunýa “Gran Prisinden” soň, sanawyň lideri üýtgedi. Utugyny 125-ä çykaran Mark Markes sanawyň täze lideri boldy. Bu ýaryşda utuk alyp bilmedik Lorenzo 115 utuk bilen 2-nji hatarda barýar. 103 utuk toplan Walentino Rossi 3-nji orny eýeleýär. Möwsümiň indiki bäsleşigi 26-njy iýunda Gollandiýada geçiriler.