“Li­wer­pul” to­pa­ry­nyň mü­sür­li ýyl­dy­zy Mo­ha­med Sa­lah bu ýyl hem Af­ri­ka­da ýy­lyň fut­bol­çy­sy saý­lan­dy. 26 ýa­şyn­da­ky oýun­çy bu ugur­da se­ne­gal­ly to­par­da­şy Sa­dio Ma­ne­den hem-de “Ar­se­na­lyň” ga­bon­ly hü­jüm­çi­si Pi­er-Eme­rik Oba­me­ýang­dan öňe saý­la­nyp, bas­syr 2-nji ge­zek bu hor­ma­ta la­ýyk gö­rül­di. Ge­çen ýyl­ky ses ber­li­şik­de-de Ma­ne 2-nji, Oba­me­ýang 3-nji bo­lup­dy. Mo­ha­med Sa­lah go­laý­da BBC ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän Af­ri­ka­da ýy­lyň fut­bol­çy­sy baý­ra­gy­ny-da bas­syr 2-nji sa­par alyp­dy.
Af­ri­ka fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy (CAF) ta­ra­pyn­dan 1992-nji ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýän bu baý­ra­gyň ýe­ňi­ji­le­ri­ni yk­lym­da­ky 56 ýur­duň fut­bol ýy­gyn­dy­la­ry­nyň tä­lim­çi­dir ka­pi­tan­la­ry kes­git­le­ýär. Bu ar­zy­ly baý­ra­gy iň köp ka­me­run­ly Sa­mu­el Eto’o bi­len kot-d’i­wu­ar­ly Ýa­ýa Tu­re alyp­dy. Ola­ryň iki­si-de 4 ge­zek ýy­lyň fut­bol­çy­sy saý­la­nyp­dy.
“Bo­rus­si­ýa Dort­mund­da” çy­kyş ed­ýän ma­rok­ko­ly Aş­raf Ha­ki­mi-de Af­ri­ka­da ýy­lyň ýaş fut­bol­çy­sy diý­lip yg­lan edil­di.