“Mançester Ýunaýtedde” Žoze Mourinionyň ornuna wezipä bellenen norwegiýaly Ole Gunnar Sulşer iňlis futbolynda taryhy rekord goýdy. Dekabr aýynyň 19-yna wezipä bellenen 45 ýaşly tälimçi “Ýunaýted” bilen 15 günde 5 duşuşyk geçirdi. Onuň tälimçiligindäki topar 5 duşuşygyň hemmesinde-de ýeňiş gazandy. Ol şol duşuşyklarda azyndan 2 gol aratapawudy bilen garşydaşlaryndan üstün çykdy. Ol 1888-nji ýylda döredilen Angliýanyň ýokary ligasynda ilkinji 5 duşuşygynda muny başaran birinji tälimçi boldy. Çempionatda “Kardiff Sitini” 5–1, “Haddersfildi” 3–1, “Bornmuty” 4–1, “Nýukasly” 2–0, Federasiýanyň kubogy ýaryşynyň 3-nji tapgyrynda “Ridingi” 2–0 ýeňipdi. O diýen güýçli bolmadyk toparlara garşy gazanylan bu ýeňişler janköýerleri häzirlikçe begendirýär. Ýöne ýaş tälimçiniň esasy synaglary öňümizdäki günlerde başlar. “Ýunaýted” ertir, has takygy, 13-nji ýanwarda myhmançylykda “Tottenham” bilen duşuşar. Şeýle-de mart aýynyň 3-nji hepdesine çenli “mankunianlar” “Arsenal” bilen hem kubok ýaryşynda, hemem çempionatda, Çempionlar ligasynda 2 gezek PSŽ bilen, şeýle-de 16-njy martda “Mançester Siti” bilen duşuşyk geçirer.