Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideokonferensiýa Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi, Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowy, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewi, Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi bir wagtda çagyryp, olaryň ünsüni öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn geljek üçin her bir welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, şolarda döwrebap önümçilik we durmuş düzümini kemala getirmek, oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Degişli resminamalar her welaýatyň önümçilik, çig mal, toprak-howa we beýleki aýratynlyklaryny nazara alýan ylmy-barlaglaryň esasynda taýýarlanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Obasenagat pudagyny özgertmegi dowam etmek öňde duran işleriň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ekerançylygyň milli däplerini hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini utgaşdyrmagyň esasynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri kabul etmegi meýilleşdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Tehnologik ösüşleriň döwründe ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak aýratyn möhüm wezipe bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz halk hojalygyna düýbünden täze çemeleşmeleri ornaşdyrmagyň geljekde uzak möhletleýin ykdysady ähmiýetiniň boljakdygyny aýtdy. Bu, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyna degişlidir.
Şeýle hem bereketli hasyl almak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny suwuň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmek üçin alymlaryň synagdan geçiren ähli mümkinçilikleriniň ulanylmagy göz öňünde tutulmalydyr. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seçgiçiligi we tohumçylygy ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan, ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutýan usullaryň ulanylmagyna üns bermek möhümdir.
Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin hususy telekeçileri obasenagat toplumyna çekmek möhümdir, olaryň ýokary netijeli işlemegi azyk bolçulygyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, beýleki tarapdan bolsa, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.
Welaýatlarda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny, dürli görnüşdäki ýokary hilli önümleri öndürýän obasenagat kärhanalaryny gurmaga uly möçberdäki maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz geljekde şol ugurlary ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri meýilleşdirmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň senagatyny hem-de oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň çözülmegi durmuş ugurly meseleler bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary amatlylykly ýaşaýyş jaýlaryň, bilim, saglygy goraýyş we medeni edaralaryň, sport toplumlaryň we beýleki desgalaryň zerur bolan möçberiniň gurulmagyny göz öňünde tutmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalarynyň taslamalarynda ilaty, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz wideokonferensiýany dowam edip, türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek bilen, täze senagat desgalaryny gurmagyň mümkinçilikleri hakynda meseläni öwrenmegi tabşyrdy.
Balkan welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda türkmen miraplarynyň buýsanjy – “Altyn asyr” Türkmen kölüniň mümkinçiliklerini peýdalanmak meselelerine uly üns bermeli. Hususan-da, milli Liderimiz maksatnamada emeli kölüň töwereginde daýhan birleşiklerini döretmek babatda çäreleri göz öňünde tutmagyň möhümdigini belledi. Syýahatçylyk bu sebit üçin geljegi uly ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny has-da giňeltmäge aýratyn üns bermeli.
Soňra hormatly Prezidentimiz ulag düzümini ösdürmegiň, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryny birleşdirýän awtomobil ýollarynyň ýagdaýyna gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy has-da ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin strategik ähmiýeti bolan Aşgabat – Türkmenabat hem-de Aşgabat – Türkmenbaşy awtobanlarynyň gurulmagynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlary senagat taýdan ösdürmek, olaryň innowasion kuwwatyny artdyrmak üçin täze senagat kärhanalaryny döretmek boýunça taslamalary amala aşyrmak üçin daşary ýurt maýalarynyň çekilmegini häkimleriň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Häzir ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertler döredildi diýip, milli Liderimiz bu babatda özara bagly işleriň toplumyny göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, her welaýatyň çig mal binýadyny, işgärler düzümini hem-de adam mümkinçiliklerini işjeň ulanmak maksady bilen, her sebitiň içerki serişdelerini öwrenmegiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanylýan maksatnamalarda durmuş we önümçilik düzümlerini toplumlaýyn ösdürmek üçin ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni nazara almagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hem ähli amatlylyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap obalaryň, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik toplumlarynyň döredilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, şunda ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmegini hem-de onuň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Milli Liderimiz wideokonferensiýany jemlemek bilen, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça welaýat häkimlikleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz olary üstünlikli çözmek, ýerlerde takyk we utgaşykly işlemegi üpjün etmek boýunça welaýatlaryň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeleri berdi.